Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Geňeş agzalarynyň we käbir saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna möhletinden öň ses bermek başlandy
Jemgyýet
Türkmenistanda Geňeş agzalarynyň we käbir saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna möhletinden öň ses bermek başlandy
Çap edildi 06.08.2015
1963

6-njy awgustda Türkmenistanyň Saýlaw ködeksine laýyklykda ähli saýlaw okruglarynda Geňeşleriň agzalaryny hem-de Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamaga möhletinden öň ses bermek başlandy. Ýokarda agzalan Kodekse laýyklykda, bu işler, ilkinji nobatda, uzakmöhletli iş saparlaryna ýa-da zähmet dynç alşyna çykan raýatlar üçin, şeýle hem saýlawlar güni bolan 16-njy awgustda ol ýa-da beýleki sebäplere görä öz saýlaw uçastogyna gelip, has mynasyp dalaşgäre ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr. Umuman, saýlaw möwsüminiň barşy barada aýdylanda, şu günler ähli uçastok saýlaw toparlarynyň alyp barýan yhlasly işlerini bellemek zerurdyr. Şol toparlaryň düzümine zähmet toparlarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň has mynasyp wekilleri girdiler. Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-a habar berişleri ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy kabul edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyklykda öz wagtynda guraldy. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň hemmesi işe doly taýýar. Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we dalaşgärleriň özleri tarapyndan bellenen milli synçylar saýlawlaryň geçişine gözegçilik ederler. Olaryň ählisine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň öň ýanynda bolşy ýaly, gönüden-göni saýlaw gününde hem saýlaw okruglaryna baryp görmek mümkinçiligi berildi. Bu bolsa öz gezeginde saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk, giň demokratik esaslarda geçirilmegine oňyn täsir eder. Öz gezeginde ýerlerde dalaşgärler bilen duşuşyklar dowam edýär. Olaryň barşynda saýlawçylar dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen tanyşýarlar. Şol maksatnamalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirilmegine olaryň mynasyp goşant goşmagyna gönükdirilendir. Şeýlelikde, Geňeşleriň agzalaryny hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw okruglarynyň ikisi boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamaga şu gün badalga alan möhletinden öň ses bermek tapgyry ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, türkmen halkynyň abadançylyk we gülläp ösüş baradaky maksatnamasyna üýtgewsiz ygrarlydygyna täze subutnama bolmagyna gönükdirilen bu jemgyýetçilik-syýasy möwsümini geçirmäge ýerlerde taýýarlygy tassyklaýar.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow