Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ählumumy ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüşiniň bähbidine
Jemgyýet
Ählumumy ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüşiniň bähbidine
Çap edildi 05.08.2015
1756

Aşgabat, 5-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde ynsanperwer halkara hukuk şertnamalar ýygyndysynyň –türkmen diline terjime edilen Ženewa konwensiýalarynyň we oňa Goşmaça teswirnamalaryň tanyşdyryş çäresi boldy. Bu çäre Halkara Gyzyl haç komiteti we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda geçirildi. Çärä adam hukuklaryny, halkara ynsanperwer hukugyny goramak boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky pudagara toparyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, 1863-nji ýylyň fewralynda döredilen Halkara Gyzyl Haç komiteti, ählumumy parahatçylygyň bähbidine ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmaga ýardam edýän Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketini başlady. Bu halkara hereketi Gyzyl Haç Halkara komitetini, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara jemgyýetleriniň federasiýasyny, dünýäniň 189 ýurdunyň, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetlerini öz içine alýar. Dünýäniň 190 döwleti tarapyndan tassyk edilen 1949-njy ýylyň 12-nji awgustyndaky dört Ženewa konwensiýasy we olaryň teswirnamalary halkara ynsanperwer hukuklarynyň möhüm guraly bolup durýar. Türkmenistan Halkara bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde, sebitde we ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli döwletara gatnaşyklary guramagy goldap, 1992-nji ýylda Konwensiýalary tassyk etdi. Tanyşdyryş çäresiniň barşynda oňa gatnaşanlar tarapyndan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldawy bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýşyny we saglygyny goramaga, türkmen halkynyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, birek-birege kömek bermek ýaly asylly däpleriniň esasynda jemgyýetiň ýokary ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly möhüm işleri ýerine ýetirmäge ýardam edýändigini bellediler. Adam hukuklaryny we halkara ynsanperwer hukuklary boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bu ugurda bilimleri wagyz etmegi öz işiniň möhüm ugry hasaplaýar. Halkara ynsanperwer hukuklary boýunça halkara ylalaşyklaryň türkmen dilinde çap edilen toplumynyň bu tanyşdyryş çäresi muňa şaýatlyk edýär. Terjime “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyzyl Haç halkara komitetiniň arasynda 2015-nji ýylda hyzmatdaşlygyň meýilnamasyna” laýyklykda Halkara Gyzyl Haç komitetiniň we Türkmenistanyň Halkara Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikdäki tagallalary bilen ýokarda agzalan Pudagara toparyň gatnaşmagynda taýýarlanyldy. Çärede oňa gatnaşanlara Halkara Gyzyl Haç komitetiniň işi barada wideofilm görkezildi. Çäräni jemläp, oňa gatnaşanlar Ženewa konwensiýalarynyň we Goşmaça teswirnamalaryň täze neşiriniň halkara hukugynyň esasy düzgünlerini berjaý etmekde möhüm ädim hökmünde ähmiýetini belläp, ählumumy bähbitler üçin işjeň hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmekde, mundan beýläk hem özleriniň ynsanperwer tagallalaryny dowam etdirjekdiklerine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow