Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň işewür toparlary ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň işewür toparlary ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 21.10.2019
1028

21-nji oktýabrda Tokioda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparyna gabatlanylan Türkmen-ýapon işewürler forumy geçirildi. Iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy döwletara gatnaşyklaryň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, maliýe-maýa goýum gatnaşyklary ulgamynda garaýyşlary deňeşdirmäge, geljegi uly bilelikdäki taslamalar hem-de önümçilik babatda ýakynlaşmagyň ýollary boýunça pikir alyşmaga bagyşlanyldy. Forumyň işine dürli senagat pudaklarynda, ulag hem-de aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar we beýleki ulgamlarda özleriniň işläp taýýarlamalary bilen meşhur bolan Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyna dürli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary — 40-dan gowrak kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň hem-de beýleki düzümleriň wekilleri wekilçilik etdi. Türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi «Shinagawa Prince» maslahatlar zalynda geçirilen duşuşyga baýramçylyk we milli öwüşgini çaýdy. Owadan gölli halylar, ýüpek matalar, dürli sowgatlyk önümleri forumyň guraýjylarynda ýurdumyzyň milli mirasyna gyzyklanmany has-da artdyrdy. Ýaponiýanyň iň meşhur korporasiýalarynyň biri bolan «Itochu» korporasiýasynyň ýolbaşçylygynyň wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň çäklerinde Ýaponiýa gelen türkmen myhmanlaryny mübärekledi. Indi 25 ýylyň dowamynda Ýaponiýany hem-de Türkmenistany söwda we ykdysady ulgamlarda dostlukly gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip, kompaniýanyň hünärmeni aýtdy. Şu geçen döwrüň dowamynda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar barha pugtalanýar we çuňlaşýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň işi muňa ýardam edýär. Ýapon wekili milli Liderimiziň saparynyň barşynda gazanylan täze ikitaraplaýyn ylalaşyklar barada-da habar berdi hem-de şu duşuşygyň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Öz nobatynda, türkmen tarapy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda Ýaponiýa bilen syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyny daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitleýändigini nygtady. Geljegi nazara almak bilen, senagat pudaklary, hususan-da, gaz we nebithimiýa, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, oba hojalygy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de beýleki ulgamlar özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ynsanperwer ulgamda – bilim hem-de ylym, medeniýet we sungat, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan amala aşyrylýan uçuşlaryň sanawynyň üstüniň golaýda Aşgabat bilen Tokiony baglanyşdyrýan ýene-de bir halkara ugur bilen ýetirilendigi bellärliklidir. Bularyň ählisi iki dostlukly ýurduň we halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna oňyn täsir edýär, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, işewür düzümleriň ugry boýunça göni aragatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly şertleriň bardygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýetiniň uludygy nazara alnyp, hyzmatdaşlyk boýunça wajyp teklipler aýdyldy hem-de anyk taslamalara çykmak üçin olary iş tertibinde içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk beýan edildi. Forumyň barşynda «Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri» meselesi boýunça tanyşdyryş çäresi geçirildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän maýa goýum syýasaty hem-de milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleri ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak, türkmen halkynyň abadançylygynyň derejesini has-da belende galdyrmak üçin Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Öňde goýlan maksatlara yzygiderli we netijeli ýetmek üçin ýurdumyzda ösüş maksatnamalarynyň birnäçesi kabul edildi. Şolar Türkmenistanyň ösüşiniň ýollaryna täzeçe çemeleşme arkaly işlenip taýýarlanyldy. Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy şolaryň iň esasylarydyr. Bularyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, senagat hem-de hyzmatlar ulgamlaryny düzümleýin özgertmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, hususy maýalar üçin mümkinçilikleri giňeltmäge we döwletiň hem-de hususy ulgamyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzyň önümleriniň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Maksatnamalaýyn resminamalarda innowasion önümçilige maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şolar ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine hem-de senagatlaşdyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň artdyrylmagyna we önüm öndürijileriň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam edýär. Şol bir wagtyň özünde ulag we telekommunikasiýa düzümine gönükdirilýän maýa goýumlary ýurdumyzy Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de yklymyň iň möhüm ulag-logistika merkezleriniň birine öwürmäge mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri, şol sanda jemi içerki önümiň ýokarlanmagy, ýurdumyzyň eksport möçberiniň durnukly artmagy hem ösüş babatda seçilip alnan ýoluň dogrudygyna şaýatlyk edýär. Şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Ahal welaýatynda kuwwaty ýylda 600 müň tonna ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodyň, Garabogazda karbamid zawodynyň hem-de Gyýanly şäherçesinde polietilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurulmagy ýaponiýaly hyzmatdaşlar blen bilelikde üstünlikli amala aşyrylan iri möçberli taslamalaryň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda Türkmenistan gazhimiýa ulgamynda täze ugurlaryň üstünde işleýär. Munuň özi ýurdumyza ýokary goşmaça bahaly gazhimiýa önümleriniň bazarynda mynasyp orun eýelemäge kömek eder. Durnukly we ygtybarly işleýän telekommunikasiýa hem-de ulag düzüminiň ösmegine maýa goýumlaryny gönükdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan köp sanly wezipeleriniň üstünlikli çözülmegi üçin zerur şertleriň biridir. Şoňa görä-de, ösüş maksatnamalarynda içerki we sebitleýin düzüm taslamalaryny işjeň durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak taslamasyny amala aşyrmak şolaryň hatarynda uly ähmiýete eýedir. Bu energiýa geçirijisiniň işe girizilmegi ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitde energiýa howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine kuwwatly itergi berer. Mundan başga-da, demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Aşgabat — Türkmenabat we Aşgabat — Türkmenbaşy hem-de beýleki awtobanlaryň gurluşygy ýaly düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýolagçylary gatnatmagyň we ýük daşamagyň möhletini ep-esli azaltmaga hem-de degişlilikde gündogar we günbatar ugurlary boýunça Türkmenistanyň çäginden geçýän ulag gatnawlaryny artdyrmaga kömek eder. Ýakyn ýyllarda Türkmenistanyň suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar hem durmuşa geçiriler. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmek boýunça strategiýasynda hususy telekeçilik maýa goýumy we innowasion işi goldamaga hem-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Geljekde bu iş önümçiligi ýokarlandyrmagyň, ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, goşmaça iş orunlaryny döretmegiň hem-de bar bolan ýokary maýa goýum kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň esasy hereketlendiriji güýçleriniň birine öwrülmelidir. Bu gün ýurdumyzda hususy ulgamy ösdürmek hem-de göni daşary ýurt maýa goýumlary görnüşinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlarynyň mukdaryny artdyrmak üçin oňaýly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Hususan-da, degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýady, şol sanda daşary ýurt maýalarynyň goralmagyny kepillendirýän hukuknamalar işlenip taýýarlanyldy hem-de ol kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň kärhanalary üçin ýeňilleşdirilen salgyt salmak ulgamy hereket edýär. 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda erkin ykdysady zolaklar hakyndaky kanun kabul edildi. Onda uly ýeňillikler, şol sanda salgyt salmak we ýer böleklerini kärendesine almak ulgamynda ýeňillikler göz öňünde tutuldy. Kiçi we orta işewürligiň kärhanalary üçin ýurdumyzda salgyt salmagyň ýeňilleşdirilen ulgamy hereket edýär. Hususy ulgamyň ösdürilmegini höweslendirmek maksady bilen, döwletimiz amatly şertlerde karzlary berýär. Hususy ulgamy ösdürmek üçin Aziýanyň ösüş banky, hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy, OPEK halkara ösüş gaznasy ýaly halkara maliýe guramalarynyň we beýlekileriň maliýeleşdirmek ulgamyny almak boýunça işler dowam etdirilýär. Soňra forumda dürli ýapon we türkmen kompaniýalarynyň, şol sanda sanly tehnologiýalar ulgamynda işleýän kompaniýalaryň birnäçesiniň wekilleri çykyş etdiler. Işewürligiň innowasion ösüşinde sanly ykdysadyýetiň gurallarynyň ornuny we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, Türkmenistanda IT-Parky işläp başlady. Ol ýurdumyzda intellektual düzümi ösdürmäge, ylmyň, önümçiligiň hem-de maýadaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, innowasion önümleriň halkara bazarlaryna çykarylmagyna gönükdirilendir. Ýaponiýaly işewürleriň pikirine görä, Merkezi Aziýada çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýetleriň biri bolan Türkmenistan öz ägirt uly tebigy serişdeleri bilen söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin ägirt uly ykdysady kuwwata eýedir. Umuman, şu duşuşygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Ol ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we geljegi barada pikir alyşmak üçin oňat şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen ykdysadyýetiniň dünýä ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagyna gönükdirilen oýlanyşykly strategiki ugrunyň öz saldamly netijelerini berýändigi hem-de özara gatnaşyklaryň täze geljegini, has batyrgaý pikirleri we başlangyçlary durmuşa geçirmäge mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Işewürler maslahatynyň esasy bölegi tamamlanandan soň, «Japan Dynamics co.» kompaniýasyny esaslandyryjy, Tokio tehnologiýa institutynyň professory, doktor Hideomi Koinuma hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli işi boýunça giňişleýin çykyş etdi. Ol öz ylmy çykyşynda bu düýpli ylmy işiň häzirki zaman lukmançylygy üçin uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady. Şol ylmy işiň netijeleri tutuş dünýäde tebigy derman serişdelerini işläp taýýarlamak üçin gymmatly çeşmä öwrüldi.

Soňky habarlar
29.11
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady
29.11
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
top-arrow