Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 19.10.2019
1685

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, türkiýeli işewürler toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah ýüplük, buýan köküniň şiresi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa Federasiýasy, Irlandiýa, BAE-i, Gonkong, Türkiýe, Ermenistan, Özbegistan degişlidir.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 596 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine BAE-den, Gonkongdan gelen telekeçiler jemi bahasy 2 million 56 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million130 müň manatdan gowrak bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni, polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow