Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 12.10.2019
1641

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler sintetiki benziniň önümçiliginden alnan suwuklandyrylan gazy, Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy daşary ýurt puluna satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna reňksiz aýna, nah mata we ýüplük, pagta übtügi satyldy. Olary satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, ABŞ, BAE, Türkiýe, Özbegistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 189 müň dollaryndan gowrak boldy. BAE-den, Kanadadan, Türkiýeden, Gonkongdan gelen telekeçiler manat serişdelerine umumy bahasy 6 million manada golaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin awtoulag, ýokary dykyzlykdaky polietilen, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 2 million 195 müň manatdan gowrak boldy.

Soňky habarlar
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow