Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 05.10.2019
1567

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagysatyn aldylar. Şeýle hem Owganystanyň işewür toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Russiýadan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynyň önümi bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, nah ýüplük, kosmetiki serişdeler ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa Federasiýasy, BAE, Özbegistan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 57 million 626 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Kanadadan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler jemi bahasy 4 million 888 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 4 million185 müň manatlyk polipropilen plýonkasyny (TNGIZT) hem-de ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Soňky habarlar
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow