Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 28.09.2019
1706

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt BAE-den we Türkiýeden gelen işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. «Türkmensenagat eksport-import» açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümi bolan karbamidi bolsa Panamanyň işewür toparlarynyň wekilleri satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gonkongdan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, portlandsementi, nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 22 million dollaryna golaý boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Kanadadan, Türkiýeden gelen telekeçiler jemi bahasy 4 million 544 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 2 million 820 müň manatlyk «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow