Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzyň awtoulag binýadynyň üsti täze döwrebap ulaglar bilen ýetirildi
Ykdysadyýet
Ýurdumyzyň awtoulag binýadynyň üsti täze döwrebap ulaglar bilen ýetirildi
Çap edildi 24.09.2019
1118

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda awtoulag serişdeleriniň iň täze görnüşleriniň nobatdaky tapgyry, hususan-da, «KAMAZ 6520» ýük ulaglarynyň 200-si hem-de «Toyota Сorolla» kysymly ýeňil awtoulaglaryň 70-si «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki binýadynyň üstüni ýetirdi. Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan häzirki döwürde ýurdumyzda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenen ulag ulgamynyň ähli düzüm bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň täze awtoulag serişdeleri gurluşyk pudagynda bolşy ýaly, hyzmatlar ulgamynda hem ulanylar. «KAMAZ» ýük ulaglaryny we «Toyota Сorolla» ýeňil awtoulaglary ulanyşda ýokary ygtybarlylygy hem-de birnäçe beýleki artykmaçlyklar tapawutlandyrýar. Şunuň bilen bir hatarda, awtoulag serişdeleriniň hereketlendirijileriniň tygşytlylyk we ekologiýa howpsuzlygy nukdaýnazaryndan halkara talaplaryna kybap gelýändigini bellemek gerek. Russiýanyň meşhur öndürijisiniň ulaglary ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda gurluşygy alnyp barylýan iri desgalarda ulanylar. Hususan-da, ýük awtoulaglary agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalara paýlanyldy, şolaryň 40-sy Aşgabatda, 50-si Ahal welaýatynda, 20-si Balkan welaýatynda, 25-si Daşoguz welaýatynda, 35-si Lebap welaýatynda hem-de 30-sy Mary welaýatynda degişli düzümler tarapyndan ulanylar. Ulaglaryň dürli görnüşleri, şol sanda ýeňil taksileri goşmak bilen awtoulaglar arkaly ilatyň ýolagçy gatnawlaryna islegini kanagatlandyrmak ilata ulag hyzmatyny guramagyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu pudagyň sazlaşykly işini üpjün etmäge aýratyn üns bermeginiň netijesinde onuň tehniki binýadynyň oňaýly dürli derejeli awtoulaglar bilen üstüniň yzygiderli ýetirilýändigini bellemek gerek. Görülýän anyk çäreler paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna awtoulaglar bilen hyzmat edilişiniň ýokary medeniýetini üpjün etmäge, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetiren ulag serişdeleri bu ulgamyň netijeli işlemegini üpjün eder hem-de umuman, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipelerini mundan beýläk-de üstünlikli çözmäge ýardam eder.

Soňky habarlar
09.09
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
08.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
08.09
Türkmenistanyň mejlisiniň KARARY
08.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 825 müň dollaryndan gowrak boldy
08.09
Halk Maslahaty - Türkmenistanyň milli jebisliginiň nyşany
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
07.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
06.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.09
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow