Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 21.09.2019
1579

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 64-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Singapurdan, Owganystandan, Maltadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini we suwuklandyrylan gazy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çykarylan awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, keramiki kerpiç, kosmetiki serişdeler we nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Özbegistan, Gyrgyzystan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 22 million 387 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Şotlandiýadan, Gonkongdan we Gazagystandan gelen işewürler jemi bahasy 7 million 786 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin ýokary dykyzlykdaky polietileni we awtoulagy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 225 müň manatdan gowrak boldy.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow