Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Baýramçylygyň öň ýanynda Watanymyzyň sebitlerinde täze binalar açyldy
Jemgyýet
Baýramçylygyň öň ýanynda Watanymyzyň sebitlerinde täze binalar açyldy
Çap edildi 20.09.2019
1803

Baş baýramçylygyň — Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda Mary we Baýramaly şäherleriniň ýaşaýjylary ajaýyp sowgatlar aldylar. Şu gün bu ýerde täze köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy. Ir ertirden täze jaýlaryň baýramçylyk lybasyna beslenen çäginde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleri, şeýle hem hormatly ýaşulular, ýaşlar, köp sanly ýaşaýjylar ýygnandylar. Döredijilik toparlary joşgunly aýdym-sazlary we tanslary bilen baýramçylygyň şowhunyny artdyrdylar. Çykyş edenler maşgalalary jaý toýlary bilen tüýs ýürekden gutladylar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şunuň ýaly her bir wakasy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar bolsa, şol syýasatyň baş ýörelgesi bolup durýar. Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň sebitlerinde adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýan döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegine örän uly ünsüň berilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» hut şu maksada — halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Onuň çäklerinde türkmen topragynyň ähli künjeklerinde türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen giň gerimli gurluşyklar dowam edýär. Welaýatyň dolandyryş merkezindäki Aga Hanjaýew köçesiniň ugrunda bina edilen 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýy bu ýerde bar bolan jaýlaryň üstüni ýetirdi. Onuň gurluşygynda «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň şähergurluşyk pudagynyň işgärlerine bildirýän talaplaryny nazara almak bilen, iň döwrebap gurnama we timarlaýyş serişdelerini peýdalandylar. Giň eýwanly iki we üç otagly öýlerde maşgalalaryň oňaýly ýaşamagy üçin ähli amatlyklar we şertler göz öňünde tutuldy. Täze jaý merkezleşdirilen ýyladyş, energiýa, gaz we suw üpjünçilik ulgamy bilen üpjün edildi. Baýramaly şäheriniň Altyn asyr köçesiniň ugrunda bina edilen, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 4 gatly, 24 öýli owadan hem-de özboluşly jaý ýerli gurluşykçylar tarapyndan guruldy. Jaýyň daşky binagärlik keşbi onuň içerki gurluşynyň döwrebap amatlyklary bilen utgaşýar. Giň we ýagty otaglar, ýokary hilli timarlaýyş işleri, giň aşhana — bularyň hemmesi täze jaý eýeleriniň göwnünden turdy. Jaýyň gurluşygynda ýurdumyzda öndürilen ekologiýa taýdan arassa materiallar ulanyldy. Täze jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, pyýadalar üçin ýanýodalar çekilip, gül aýmançalary guruldy, dürli agaç nahallary oturdylyp, çagalar üçin oýun meýdançalary göz öňünde tutuldy. Ýeri gelende aýtsak, jaýlaryň ikisi hem raýatlaryň we telekeçileriň serişdeleriniň hasabyna başlangyç paýlaryň esasynda bina edildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz böleginiň işjeň ösmegi bilen ýurdumyzda paýly gurluşyk ulgamyny kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Dabaralaryň barşynda işde tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
02.04
«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
01.04
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.03
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
31.03
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy: täze taryhy döwürde senagat taýdan ösüşiň nusgasy
31.03
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
31.03
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
30.03
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
top-arrow