Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanyň topary Özbegistanda geçirilen halkara tans festiwalynda birinji orny eýeledi
Medeniýet
Türkmenistanyň topary Özbegistanda geçirilen halkara tans festiwalynda birinji orny eýeledi
Çap edildi 16.09.2019
5237

Daşoguz welaýatyndan «Dessan» tans topary 15-16-njy sentýabrda Hywada geçirilen «Tansyň jadysy» atly halkara festiwalynda birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dursunjemal Gazakowa we Guwanç Otuzow bilen bilelikde çykyş eden artistlerimiz küştdepdi halk tansy bilen emin agzalarynyň ýokary bahasyna eýe boldular, bu tans ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizilendir. Netijede, ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen topary «Tansyň jadysy» halkara festiwalynyň ýeňijisiniň diplomyna we pul baýragyna (ABŞ-nyň 2 müň dollary) baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem birinji orna Polşadan gelen topar mynasyp boldy. Ikinji orny Özbegistanyň, Indoneziýanyň we Gruziýanyň toparlary paýlaşdylar. Üçünji orna Täjigistanyň, Gazagystanyň, Hindistanyň we Özbegistanyň wekilleri mynasyp boldular. Bäsleşigiň baş baýragyny Azerbaýjanyň topary eýeledi. «Iň ýaş topar», «Halk tansyny ussat ýerine ýetiriji», «Iň ýaş tansçy», «Iň gowy baletmeýster» we beýleki ugurlarda birinji orna mynasyp bolan tans toparlary ýörite diplomlar bilen sylaglanyldy. Festiwal «Içan kala» döwlet muzeý-goraghanasynda geçirilip, ol Aziýanyň we Ýewropanyň 20 ýurdundan, şol sanda Indoneziýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan we beýleki döwletlerden çeper döredijilik toparlaryny ýygnady. Bu çäräniň baş maksady — halklaryň asyrlar bäri dowam edip gelýän däplerini dikeltmek we baý medeni mirasyny giňden beýan etmek bolup durýar. Horezm oblastynyň administrasiýasynyň ýolbaşçysy F.Ermanow festiwalyň açylyş dabarasynda çykyş edip, bu waka tansyň diliniň dürli halklary we medeniýetleri birleşdirýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar diýip belledi. Festiwalyň çäklerinde tans sungatynyň milli däplerine bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi. Ol Ürgenç şäherindäki Türkmen-özbek dostluk öýünde uly üstünlik bilen geçirildi. Bu binanyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň aprel aýynda boldy.

Soňky habarlar
24.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
23.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy
22.11
Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
22.11
2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
22.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
22.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
22.11
Paýtagtymyzda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçirildi
top-arrow