Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Sergi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde, şeýle hem dünýä derejesinde üstünlikli amala aşyrýan ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny şöhlelendirýär. Pudaklaýyn sergi bu möhüm pudagy ösdürmegiň gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezmek, daşary ýurt we türkmen kompaniýalarynyň arasynda tejribe alyşmak, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur meýdança bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Energetika ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Oňa köp sanly daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden öňdebaryjy kompaniýalar we ugurdaş düzümler bar. Sergi gatnaşyjylaryň 130-a golaýyny — dünýäniň elektroenergetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň we hususy telekeçiligiň wekillerini, bilermenleri birleşdirdi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sergä gatnaşmaga gyzyklanmasy ýylsaýyn artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan hem-de bu ulgamyň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen özgertmeleri netijesinde Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň ösüşiniň ýokary depginlerine şaýatlyk edýär. Baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyryp, daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär, şeýle hem öz önümlerini dünýä bazaryna çykarmagyny artdyryp, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini görkezýär. Elektroenergetika şonuň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamyň ösmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, köp sanly daşary ýurt myhmanlary gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda, hususan-da, energetika senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygy bellenilýär. Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, döwletimiz tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, döwrebap energetika enjamlaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň hatarynda bu pudaga maýa goýum serişdeleriniň uly möçberiniň gönükdirilendigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi, onuň çäklerinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgam hem çekilýär. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň sebitde we dünýäde energiýa serişdelerine islegiň artýan wagty energetika durnuklylygyny saklamaga gatnaşmak boýunça erk-isleginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu ulgamda halkara ähmiýetli iri taslamalar amala aşyrylanda, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berilýär. Şu gezek geçirilýän forum türkmen hünärmenleriniň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, geljegi uly täze tekliplere seretmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän taslamalar, şol sanda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gazturbinaly elektrik stansiýalaryny gurmak boýunça amala aşyrylan giň gerimli taslamalar elektroenergetika pudagynyň ösüş depginlerini görkezýär. Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda tok paýlaýjy elektrik podstansiýalaryň onlarçasy gurlup, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly nokatlaryň energiýa üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamyny täzelemek işi dowam edýär. Bu ugurda geçirilýän giň gerimli işler ýurdumyzda her ýyl gurlup, ulanmaga berilýän iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony goňşy döwletlere ibermäge hem mümkinçilik berýär. 2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary DES-de utgaşykly dolandyrmagyň esasynda işleýän garyşyk buggazly elektrik stansiýasynyň ulanmaga berlendigini bellemek gerek. Onuň jemi kuwwaty 1574 megawatta deňdir. Dünýä belli «General Electric» amerikan kompaniýasynyň 4 sany gazly we 2 sany bugly turbinalarynyň işi goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegini üpjün edip, tebigy gazyň sarp edilmegini hem-de howa taşlanýan zyýanly maddalaryň möçberini azaldýar. Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynyň ösüş depginini, onuň üstünliklerini we gazananlaryny Energetika ministrliginiň we ugurdaş edaralaryň diwarlyklary has aýdyň görkezýär. Şeýle hem sergide türkmen we daşary ýurtly kompaniýalaryň hyzmatdaşlygynyň netijeleri — ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda amala aşyrylan hem-de işlenip taýýarlanylýan taslamalar bilen tanyşdyryldy. «Sumimoto Corporation» we «Çalyk Holding» kompaniýalarynyň diwarlyklary myhmanlaryň hem-de ykdysady sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi, olar elektroenergetika pudagynyň täze desgalaryny gurmagyň we bar bolan desgalaryny döwrebaplaşdyrmagyň taslamalary bilen tanyşdyrdy. Döwrebap binalaryň — energetika enjamlaryny abatlamak we hyzmat etmek boýunça merkezleriň, «ýaşyl» generator stansiýalarynyň we beýlekileriň maketleri ýakyn geljekde türkmen energetikasynyň ösüş depginlerini synlamaga ajaýyp mümkinçilik döretdi. Ýurdumyzyň sergä gatnaşyjylary energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini — Gün panellerini we ýel generatorlaryny öndürmek babatda öz işleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň energiýa tygşytlaýjy we ekologiýa howpsuzlygynyň görkezijilerine eýe bolan tehnologiýalary ornaşdyrmaga ygrarly bolup galýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär, çünki daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri aýawly ulanmak, innowasion «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Milli Liderimiziň bildirýän berk talaplaryna laýyklykda, ykdysady we durmuş ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler adamlaryň durmuşynyň ähli ugurlarynda abadançylygyň möhüm şerti bolan ekologiýa düzümi bilen berk baglanyşdyrylýar. Ýörite tehnikalary çykarmaga ýöriteleşdirilen halkara kompaniýalar energetika ulgamy üçin öz gazananlaryny we toplumlaýyn çözgütlerini görkezip, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkidip, enjamlary getirmek we hyzmatlar babatda öz tekliplerini hödürlemek bilen hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pudagyň öňünde goýan giň gerimli wezipeleriniň amala aşyrylmagyna öz goşantlaryny goşýarlar. Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara ylmy maslahat hem geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly bilermenler, seljerijiler, menejerler gatnaşdylar. Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasy ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn we yzygiderli, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we dünýäniň energiýa ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň eksport ugurlarynyň çäklerini giňeltmek döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Halkara sergi öz işini 14-nji sentýabra çenli dowam eder.