Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 31.08.2019
1558

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we göni işlenen benzini hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtoulag benzinini we göni işlenen benzini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen polipropilene, ýokary dykyzlykdaky polietilene isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, Serbiýadan, Pakistandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi, buýan köküniň erginini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 32 million 751 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Türkiýäniň telekeçileri jemi bahasy 5 million 208 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 202 müň manatlykdan gowrak awtoulaglary satyn aldylar.

Soňky habarlar
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow