Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Arçabil» topary «Şark taronalari» XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişinde 2-nji orna mynasyp boldy
Medeniýet
«Arçabil» topary «Şark taronalari» XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişinde 2-nji orna mynasyp boldy
Çap edildi 30.08.2019
4789

Samarkantda «Şark taronalari» («Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň dabaraly ýapylyşynyň dowamynda abraýly bäsleşigiň ýeňijilerine we onda baýrakly orunlary eýelänlere baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Şu ýyl Özbegistanda geçirilen medeniýet forumyna dünýä ýurtlarynyň 72-sinden sungat muşdaklarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar, onda 32 döwletden aýdymçylar, tansçylar we sazandalar gözden geçirilişiň baýraklary hem diplomlary ugrunda bäsleşdiler. Samarkant welaýatynyň häkiminiň «Şark taronalari» gözden geçirilişiniň myhmanlaryna hem-de oňa gatnaşyjylara gutlagyndan we özbek estradasynyň ýyldyzlarynyň konsertinden soň, abraýly halkara eminler topary ses berlişigiň netijesini yglan etdiler, onuň hatarynda ildeşimiz, Türkmenistanyň at gazanan artisti, dirižýor, kompozitor we Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymy Omar Igamow hem bardy. Aşgabatdan «Arçabil» topary 2-nji orna mynasyp boldy, tomaşaçylar we saz bilermenleri tarapyndan gyzgyn garşylanan topara «Şark taronalari» XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň degişli diplomy, pul baýragy we ýörüte baýragy gowşuryldy. Medeniýet forumynyň baýragyna, şeýle hem Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň we Russiýanyň wekilleri mynasyp boldular. Günorta Koreýanyň, Estoniýanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň sungat wekilleri «iň gowy lybas», «özboluşly owazy», «Gündogar sazlaryny ösdürmäge goşan goşandy» we ş.m. ugurlarda höweslendirij baýraklar bilen sylaglandylar. Täsirli sazlary bilen ýerli tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan ABŞ-dan «Henhouse Prowlers» toparynyň aristlerine gözden geçirilişiň eminler toparynyň ýörite baýragy berildi. Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň dabaraly ýapylşynyň ahyrynda Registan meýdançaynyň asmanyna baýramçylyk feýerwerki gözellik çaýdy. Indiki, XIII «Şark taronalari» gözden geçirilişi 2021-nji ýylda geçiriler.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow