Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Şark taronalari-2019» gözden geçirilişinde «Arçabil» toparynyň çykyşyna tomaşaçylar ýokary baha berdiler
Medeniýet
«Şark taronalari-2019» gözden geçirilişinde «Arçabil» toparynyň çykyşyna tomaşaçylar ýokary baha berdiler
Çap edildi 27.08.2019
4357

Samarkantda geçirilýän «Şark taronalari-2019» («Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň birinji gününde dürli ýurtlardan folklor toparlarynyň birnäçesi, şol sanda Türkmenistana wekilçilik edýän «Arçabil» topary çykyş etdiler. Artistlerimiz folk stilinde özboluşly kompozisiýalaryň üçüsini ýerine ýetirdiler. Dutar, gyjak, akkordeon we deprek sazyna Guwanç Ýazmämmedowyň aýdan aýdymy gyzgyn garşylandy, olar türkmen artistleriniň ýerine ýetiren her aýdymyny şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler. Urulyp çalynýan türkmen saz gurallarynda ajaýyp sazlary nepislik bilen ýerine ýetiren Hakberdi Allamyradowyň özbaşdak çykyşy halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň baýramçylyk ruhuny has belende göterdi. Anna güni, 30-njy awgustda «Şark taronalari-2019» gözden geçirilişiniň ýeňijileri hem-de onda baýrakly orunlary eýelänler belli bolar we emin agzalarynyň pikiri boýunça zehinli aýdymçy hem-de sazanda diýlip ykrar edilen artistlere sylaglar gowşurylar. Şol gününň özünde hem her iki ýyldan tutuş dünýä ýüzünden halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirýänleri ýygnaýan Samarkant halkara gözden geçirilişiniň ýapylyş dabarasy bolar.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow