Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Samarkant maslahatyndaky çykyş türkmen aýdym-saz medeniýetiniň ösüşine bagyşlandy
Medeniýet
Samarkant maslahatyndaky çykyş türkmen aýdym-saz medeniýetiniň ösüşine bagyşlandy
Çap edildi 27.08.2019
4464

Samarkantda geçirilýän «Şark taronalari-2019» («Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň ikinji gününiň maksatnamasyny Registan Plaza myhmanhanasynda geçirilýän «Gündogaryň däbe öwrülen aýdym-sazlaryny ösdürmegiň geljegi» atly Halkara ylmy maslahat açdy. Samarkant gözden geçirilişiniň çäklerinde şeýle forumlary geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu ýyl hem dünýä ýurtlarynyň ençemesine wekilçilik edýän maslahata gatnaşyjylar Gündogar ýurtlarynyň saz ylmynyň taryhynyň we ösüşiniň wajyp meslelelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bu ýere ýygnandylar. Umumy mejlisiň öňüsyrasynda Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Bahtiýor Saýfullaýewiň we Samarkandyň dolandyryş edarasynyň baştutany Boburmirzo Oblakulowyň bilelikdäki metbugat maslahatynda olar «Şark taronalari-2019» Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň we oňa gabatlanyp geçirilýän ylmy forumyň konsepsiýasy we medeni-magaryfçylyk wezipesi barada gürrüň etdiler, şeýle hem žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň aýdym-saz we halk döredijiligi bölüminiň müdiri Arslan Salyhow türkmen aýdym-saz sungaty barada çykyş edip, milli aýdym-saz ýörelgelerini saklap galmagyň we ony wagyz etmegiň möhümligi barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman medeniýeti ruhy we çeperçilik tejribesiniň özara baýlaşygyndan kemala gelýär. Onuň çykyşynda gozgalan tema bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Ylmy maslahata gatnaşyp, onda çykyş edenleriň arasynda aýdym-saz medeniýetiniň taglymatynyň we amalýetiniň meseleleri bilen meşgullanýan Özbegistanyň esasy sazşynaslary, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň, Hindistanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Günorta Koreýanyň we başga-da ençeme ýurtlaryň wekilleri bar. Iki günlük forumyň çäklerinde «tegelek stollarda» söhbetdeşlikler geçirildi we tematiki edebiýatlar alşyldy. Halkara forum 28-nji awgustda öz işini tamamlady.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow