Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Medeniýet
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Çap edildi 24.08.2019
3535

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş aýdymçylaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmen aýdymçy ýaşlarynyň bu döredijilik bäsleşigini Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň häkimlikleri hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi gurady. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns hem-de ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz zehinli türkmen ýaşlaryna ýüzlenip, her ýylky gözden geçirilişi sungatyň ajaýyp dünýäsine ýol açýan bu bäsleşigi ýaş zehinleriň özboluşly ojagy hökmünde atlandyrdy we ähmiýetiniň uludygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýaş zehinli aýdymçylaryň öz döredijiliginde täze döwrüň ruhuny, düýpli özgertmeleriň okgunly hereketini beýan etjekdiklerine, milli aýdym-saz sungatyny kämilleşdirjekdiklerine, öz halypalarynyň — bagşylaryň, sazandalaryň däplerini we döredijilik ýollaryny mynasyp dowam etdirijiler boljakdyklaryna ynam bildirdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda üç tapgyrda guralan deslapky döredijilik bäsleşiklerinde tapawutlanyp, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanan zehinli aýdymçylaryň çykyşlary milli Liderimiziň çagyryşyna mynasyp jogaby alamatlandyrdy. Bäsleşige gatnaşanlaryň hatarynda dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary hem-de ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary, harby gullukçylar, telekeçiler, medeniýet we beýleki ulgamlaryň işgärleri bar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, aýdymçylar abraýly emin agzalarynyň öňünde dürli aýdym-saz eserlerini ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň deslapky tapgyrlaryna gatnaşanlar nusgawy aýdymlary, meşhur dessanlardan aýdymlary, halk we häzirki zaman aýdymlaryny ýerine ýetirip, öz zehin başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalary iň gowy aýdymçy adyny almak üçin dalaşgäriň gowy sazanda we aktýor hem bolmalydygyndan ugur alyp, bäsleşige gatnaşyjylaryň ussatlygyna hem-de özboluşly döredijilik çemeleşmesine, artistlik başarnygyna baha berdiler. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň guramaçylarynyň belleýşi ýaly, bu döredijilik gözden geçirilişiniň derejesi ýyl-ýyldan artýar, oňa gatnaşýan zehinli dörediji ýaşlaryň sany köpelýär. Şu gezekki bäsleşige gatnaşyjylaryň hatarynda diňleýjileriň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan ussat aýdymçylar hem az däl. Emin agzalary Diýarymyzyň dürli obalaryndan we şäherlerinden bäsleşige gatnaşýanlaryň ýerine ýetiriş mümkinçilikleriniň haýran galdyrýandygyny bellediler. Olaryň köpüsiniň belli aýdymçylar bolup ýetişjekdigi häzirden görünýär. Tomaşaçylar üçin bolsa bu döredijilik çäresi hakyky sungat baýramyna öwrüldi. Paýtagtymyzyň sahnasynda guralan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji konsertinde iň gowy aýdymçylaryň 12-si çykyş etdi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän 2019-njy ýylyň konsert maksatnamasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikler, milli sungatymyzyň ýeten belent sepgitleri öz beýanyny tapdy. Jemleýji konsert harby gullukçynyň we üflenip çalynýan saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Her ykbalda, her keremde — Arkadag!» atly aýdym bilen açyldy. Aýdym-saz baýramçylygynyň şeýle joşgunly aýdym bilen açylmagy Mukamlar köşgüniň sahnasynda dowam eden döredijilik çäresine şowhunly häsiýet berdi. Aýdymçylar ata Watanymyzy, türkmen halkynyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny we täze zamananyň ykbal çözüji belent sepgitlerini buýsanç bilen wasp etdiler. Ýaş zehinler söýgi, mähriban tebigatymyzyň gözelligi hem-de ajaýyp türkmen paýtagty hakyndaky aýdymlary-da joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Olaryň birnäçesi nusgawy şahyrlaryň sözlerine meşhur türkmen kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryny tomaşaçylara hödürlediler. Birnäçe nesiller tarapyndan söýgi bilen diňlenip gelinýän halk aýdymlary hem-de nusgawy saz sungatynyň eserleri bilen bir hatarda häzirki zaman aýdymlary-da ýaňlandy. Asylly däbe görä, täze döredilen aýdymlar ilkinji gezek diňleýjilere hödürlenildi, aýdymlary döredenler öz eserlerini ýaş zehinlere ilkinji gezek ýerine ýetirmek hormatyny ynandylar. Bäsleşigiň geçen ýylky ýeňijileri hem bu çärä çagyryldy. Olar özlerine uly sungat dünýäsine ýol açan bu bäsleşigiň özboluşly senasy bolan “Ýaňlan, Diýarym!” aýdymyny bilelikde ýerine ýetirdiler. Konsert maksatnamasynda döredijilik dowamatlylygy hem öz beýanyny tapdy — tejribeli aýdymçy hem-de geçen ýyl bäsleşikde ýeňiji bolan ýaş aýdymçy iki bolup çykyş etdiler. Her bir çykyş aýdym-saz bezegi, ýerine ýetiriliş aýratynlygy bilen tapawutlandy, muňa tomaşaçylar dowamly el çarpyşmalar arkaly mynasyp baha berdiler. Konserte gatnaşanlaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Arkadagly Watanym!» aýdymy dabaranyň ajaýyp jemlenmesi boldy, ol ata Watanymyza, türkmen halkynyň Arkadagyna — parasatly baştutanlygynda Türkmenistany parahatçylyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanýar. Döredijilik baýramçylygynyň ahyrynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri yglan edildi. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagynda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, olar Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglandylar. Dabaranyň barşynda bu özboluşly gözden geçirilişiň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan, okaýan we zähmet çekýän ýaşlaryň döredijilik zehinleriniň doly açylmagyna hem-de milletimiziň çäksiz ruhy gymmatlyklaryna, örän baý aýdym-saz medeniýetine goşulyşmagyna ýardam edýändigi bellenildi. Soňky ýyllarda bu döredijilik bäsleşigi sungat äleminde ýyldyzlara öwrülen täze zehinleri ýüze çykarmaga kömek etdi, bu bäsleşik türkmen saz sungatynyň ajaýyp geljegine göz aýlamaga mümkinçilik berýär. Milli Liderimiziň hemişelik ünsi hem-de aladasy ýaş zehinleri öz başarnyklaryny doly açyp görkezmäge höweslendirýär. Bäsleşige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda döwlet Baştutanymyza ýaş zehinleriň tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdylýar hem-de geljekde-de joşgunly döredijilik ylhamy bilen ata Watanymyzy, ösüşiň ähli ugurlarynda ýetilen belent sepgitleri wasp etjekdikleri ynandyrylýar.

Soňky habarlar
26.11
Aşgabatda ITTC-2024 halkara maslahaty we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
top-arrow