Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Telekeçilik meseleleri boýunça Türkmen-astrahan işewürlik geňeşiniň mejlisi
Ykdysadyýet
Telekeçilik meseleleri boýunça Türkmen-astrahan işewürlik geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 11.08.2019
909

Telekeçilik meseleleri boýunça Türkmen-astrahan geňeşiniň şu gün geçirilen birinji mejlisinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we geljegi barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Şu duşuşyk birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň biridir. Ýygnananlar mejlisi açyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň dostluk we netijeli häsiýete eýe bolmagy netijesinde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga taýýardygynyň netijeli hyzmatdaşlygyň esasy şerti bolup durýandygy nygtaldy. Russiýa Federasiýasynyň sebitleri we iri senagat hem-de medeniýet merkezleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, täze bazarlaryň özleşdirilmegi, özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň kesgitlenilmegi, telekeçilik düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin amatly şertleriň döredilmegi türkmen-russiýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Astrahan oblasty Russiýanyň subýektleriniň biridir, Türkmenistan onuň bilen göni ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýdy. Telekeçilik meseleleri boýunça Türkmen-astrahan işewürlik geňeşiniň şu ýylyň maý aýynda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň 11-nji mejlisiniň barşynda döredilendigini ýatlatmalydyrys. Onuň birinji mejlisiniň birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýändigi bellärliklidir. Bu forum Hazarda hem-de ýanaşyk sebitlerde köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, maýa goýum işiniň pugtalandyrylmagyna, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi bermelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Hazar ägirt uly serişdeler kuwwatyna, şol sanda energetika we ulag-üstaşyr kuwwatyna eýe bolan strategik taýdan möhüm sebitdir. Munuň özi bu ýerde umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna, özara hormat goýmak we gatnaşýan taraplaryň ählisiniň bähbitleriniň sazlaşygyna esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýratyn ähmiýetini şertlendirýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirýärler. Bu babatda Hazar deňziniň ýurtlarynyň 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ikinji Çagalar medeni sport festiwalyna astrahanly mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagy, şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň iýun aýynda Astrahan şäherinde geçirilen bilelikdäki konserti aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň wekiliýetiniň düzüminde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işleýän iri kärhanalaryň, kompaniýalaryň we firmalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ugurdaş düzümleriň hünärmenleri bar. Türkmen tarapyndan mejlise gatnaşyjylar astrahanly kärdeşlerini häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan milli we pudaklaýyn ösüş maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen täze giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde kompaniýalaryň gatnaşmagynyň mümkinçiligini nazara almak bilen, doly möçberli gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdylar. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýalar ulgamlary, oba hojalygy, şeýle hem ykdysadyýetiň sanly ulgamyna geçilmegi we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Astrahanyň kompaniýalarynyň senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ylym bilen baglanyşykly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary nazara almak bilen, ýurdumyzda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan taslamalara uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Ulag ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň özüniň ulag kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýandygy bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, iri halkara taslamalary hem-de milli ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge ägirt uly maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmaga hem möhüm ähmiýet berýär. Ol özüne degişli önümçilik düzümini kämilleşdirmek, azyk bolçulygyny döretmek, sarp edijiler bazaryny dürli görnüşli ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek wezipelerini birleşdirýär. Şunda ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmaga, oba hojalyk pudagynyň sebitler boýunça ýöriteleşdirilmegine, şeýle hem obada täze ykdysady gatnaşyklaryň ornaşdyrylmagyna, şol sanda hususy ulgamyň kuwwatyndan has doly peýdalanmagyň hasabyna ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Işewür toparlaryň netijeli gatnaşyklaryny ösdürmek, maýa goýum işjeňligini ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we onuň sanawyny giňeltmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilermenler Türkmenistanyň özüniň öndürýän mineral dökünlerini Astrahan portlary arkaly Ýewropa ugry boýunça ibermek bilen karbamidiň eksport ulgamynda Astrahan bilen hyzmatdaşlygy ösdürip biljekdigini tassyklaýarlar. Ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda bilim we işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Ykdysadyýetiň hususy ulgamyny ösdürmek häzirki döwürde döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi hem-de kiçi we orta telekeçilige ýardam edilmegini göz öňünde tutýan başlangyçlary netijesinde bu ulgam täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Häzirki döwürde Türkmenistanda ýurdumyzyň telekeçiligini höweslendirmek we ösdürmek üçin oňaýly şertler döredilýär, karz bermegiň möçberleri giňeldildi, ýeňillikli karzlar ulgamlary açyldy. Bu ugurda görülýän toplumlaýyn çäreler ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine hem-de Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine çalt ýakynlaşmagyna ýardam etmelidir. Milli Liderimiziň öz çykyşlarynda nygtaýşy ýaly, içerki durnuklylyk, syýasy ulgamyň berkligi, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik kadalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy — bularyň ählisi bize özümizi halkara giňişlikde ynamly duýmaga hem-de ähli döwletler bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýän ýagdaýlardyr. Umuman, astrahan işewürliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çäre, myhmanlaryň pikirine görä, uzak möhletli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan Türkmenistana täzeçe garaýyşlary kemala getirmäga ýardam etdi. Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berýändigi hem-de telekeçilik meseleleri boýunça Türkmen-astrahan işewürlik geňeşiniň birinji mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi babatda mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu gezekki işewürlik duşuşygynyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigini bellediler.

Soňky habarlar
29.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.11
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady
29.11
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
top-arrow