Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen zyýaratçylary Mekgä we Medinä haja ugradylar
Jemgyýet
Türkmen zyýaratçylary Mekgä we Medinä haja ugradylar
Çap edildi 05.08.2019
1636

Türkmen zyýaratçylary hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar. «Boing-737-800» kysymly uçar watandaşlarymyzyň — ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň wekilleriniň 160-syny üstüne alyp, Käbä tarap ugur aldy. Olar musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň sahawatly günleri bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, Mekgede hem-de Medinede haj parzyny berjaý ederler. Paýtagtymyzda din işgärleriniň, zyýaratçylaryň hem-de pudak edaralarynyň birnäçesiniň wekilleriniň maslahaty boldy. Onda geljekki çäräniň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan syýasat halkymyzyň köpasyrlyk däplerini, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmegi ugur edinip, bu syýasatyň ýöredilmegi netijesinde türkmen zyýaratçylary her ýyl haj parzyny berjaý etmäge hem-de mukaddes Käbede ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygy we rowaçlygy barada Beýik Alladan doga-dileg etmek mümkinçiligine eýe bolýarlar. Din wekilleri hem-de zyýaratçylar şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine ygrarlylygyň, däp-dessurlaryň aýawly saklanylmagynyň, milletiň ruhy gymmatlyklarynyň artdyrylmagynyň ýaşlary terbiýelemek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýratyn bellediler. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimize bu meseleleriň oňyn çözülmegine hemişe üns berýändigi, haj parzyny ýerine ýetirmek üçin zerur şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Medinede zyýaratçylar Muhammet Pygamberiň, onuň egindeşleriniň ruhlarynyň aram tapan ýerlerine, dünýä belli metjitlere we beýleki mukaddes ýerlere zyýarat ederler. Bu ýerde olar haj parzynyň berjaý ediljek ýeri bolan Mekgede Zem-Zem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly, musulman dünýäsiniň baş mukaddesliklerine baryp togap ederler, mukaddes Käbäniň daşyndan aýlanarlar. Haj parzynyň we mukaddes urp-adatlaryň berjaý edilýän wagty watandaşlarymyz eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna, häzirki we geljekki nesillerimiziň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň hatyrasyna milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň üstünlikli geçirilmegi barada Beýik Biribardan doga-dileg ederler. Goý, Beýik Biribar türkmen zyýaratçylaryny öz penasynda aman saklasyn! Doga-dilegleriňiz Gudraty güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun, hormatly watandaşlar!

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
top-arrow