Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 03.08.2019
1630

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, owganystanly işewürler bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, ABŞ-dan, Gonkongdan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 923 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 7 million manatlykdan gowrak nah matany we ýüplügi, buýan kökünden ýasalan çaý içgilerini satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 613 müň manatlyk polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow