Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň kuwwaty artýar
Ykdysadyýet
Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň kuwwaty artýar
Çap edildi 02.08.2019
899

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça tassyklan maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bu pudaga möhüm ähmiýet berilýär. Ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, dünýäniň energetika bazarlarynda onuň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçiriler. Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynyň köpugurly kuwwaty ýakyn wagtda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynda hem görkeziler. Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän syýasat uzak möhletleýin, açyklyk, milli bähbitleri nazara almak hem-de özara jogapkärçilik ýörelgesi esasynda guralýar. Özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine oňyn çemeleşme, milli Liderimiziň energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge gönükdirilen başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakyndaky Kararnama hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de goňşy sebitleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, olaryň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de daşky gurşawy goramak ulgamyndaky wezipeleri çözmäge, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmäge ýardam etjek iri halkara taslamalaryň ençemesiniň başyny başlady. Döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlyklary tapgyrlaýyn artdyrylýar. 2009-njy ýylyň dekabr aýynda onuň ulanmaga berleninden bäri, 2019-njy ýylyň 30-njy iýunyndaky ýagdaýa görä, Merkezi Aziýadan HHR-e tebigy gazyň 280 milliard kub metrine golaýy iberildi. Gazyň şu möçberiniň 80 göterimden gowragy türkmen ýataklaryndan, ilkinji nobatda bolsa «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ulanylýan ýataklardan ugradyldy. Häzirki döwürde transmilli gaz geçirijisiniň çig mal binýady pugtalandyrylýar. Onuň gurluşygy anyk netijäni gazanmaga gönükdirilen uzak möhletli, netijeli we oňyn döwletara hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde täze ýataklar tapgyrlaýyn ulanmaga berilýär. Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (СNPС) önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň şertlerinde bu çäkde gözleg, abadanlaşdyrmak we işläp geçmek işlerini amala aşyrýar. Amyderýanyň sag kenarynda geçirilen seýsmiki barlaglar, gözleg we ulanyş guýularynyň burawlanmagy bu ýerde gazyň iri ýataklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) gurluşygynyň taslamasy iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy. Ol Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan ugry boýunça çekiler. Onuň işe girizilmegi bilen, gaz geçirijisiniň umumy geçirijilik ukyby 85 milliard kub metre çenli, türkmen «mawy ýangyjynyň» HHR-e eksportunyň möçberi bolsa ýylda 65 milliard kub metre çenli artar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ägirt uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýedir. Täze gaz geçiriji türkmen gazyny diňe bir Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürilmegi, bu ýerde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy üçin uly ähmiýete eýe bolmalydyr. Munuň özi aýratyn hem, Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmegi, durmuş-ykdysady düzüminiň ösdürilmegi, täze iş orunlaryny döretmek ýaly wajyp meseleleriň çözülmegi jähedinden wajypdyr. Bu bolsa, öz nobatynda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder. Gazyň belli bir möçberinden başga-da, günorta goňşymyz türkmen energiýa serişdelerini öz çäginden üstaşyr geçirýändigi üçin uly täjirçilik peýdasyny alar. 2018-nji ýylyň mart aýynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýörite Kararnamanyň kabul edilendigini ýatlatmalydyrys. Onda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag we energetika ulgamlaryndaky halkara taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň gurluşygy, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesi boýunça öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenilýär. Aziýanyň ösüş banky ýeňillikli şertlerde karzlary bermek arkaly bu taslamany işjeň goldaýar. Häzirki wagtda umumy uzynlygy 1840 kilometre golaý boljak TOPH gaz geçirijisiniň 205 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Owganystanyň hem-de Pakistanyň çäginde gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça gurluşyk işlerine taýýarlyk görülýär. Bu taslama iki tapgyrdan ybaratdyr. Olaryň birinjisiniň çäklerinde turbageçirijä 5 milliard kub metrden 6 milliard kub metre çenli gazyň akdyrylmagy üpjün ediler. Kompressor beketleri gurlandan soň bolsa, TOPH gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre ýetiriler. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, aprel aýynyň ortalarynda Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijisi boýunça Russiýa Federasiýasyna gazyň iberilmeginiň dikeldilendigini bellemelidiris. 1-nji iýuldan bolsa, «Türkmengaz» döwlet konserninden tebigy gazy satyn almak barada «Gazprom» bilen baglaşylan bäşýyllyk şertnama hereket edip başlady. Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy hem gün tertibinden aýrylanok. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilenden soň, türkmen «mawy ýangyjynyň» Ýewropanyň bazarlaryna iberilmegini üpjün etmek üçin degişli guraly işläp taýýarlamak maksady bilen bu ugurdaky işler has-da işjeňleşdirildi. Türkmenistanyň Hökümetiniň, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Atom energiýasy boýunça Ýewropa jemgyýetiniň arasynda şu ýylyň iýul aýynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, Aşgabatda döredilen Ýewropa Bileleşiginiň Wekiliýeti hem muňa ýardam etmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn geljek üçin öňde goýan wezipeleriniň hatarynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen birlikde, tebigy gazyň hem-de nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze uglewodorod ýataklaryny gözlemegiň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak işlerini, şol sanda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny hem-de olaryň maýalaryny çekmegiň hasabyna degişli işleri işjeňleşdirmek wezipeleri-de bar. Dünýädäki iri «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek pudagyň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly iň iri maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Onuň Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikdäki gorlary 27 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar. Häzirki wagtda umumy meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan käniň ulanyş gaznasy 40-dan gowrak guýudan ybaratdyr. Olaryň her biriniň debiti, ortaça, gije-gündizde 2 million kub metr gaza barabardyr. Bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy ulanmaga berildi we häzirki wagtda şeýle kuwwatlykdaky toplumlaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şolar TOPH gaz geçirijisini «mawy ýangyç» bilen üpjün eder. Täze gözleg we ulanyş guýularynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň kärhanalary bilen birlikde, «Galkynyş» känini özleşdirmäge dürli tapgyrlarda dünýäniň iri kompaniýalary — «Hyundai Engineering» we «LG International Corp» (Koreýa Respublikasy) «СNPС» (HHR), «Petrofac International» hem-de «Gulf Oil & Gaz Fze» (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýalary gatnaşdylar. Mundan başga-da, «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Itochu Corporation», «JGC Corporation», «Mitsubishi Corporation», «Chiyoda Corporation», «Sojitiz Corporation» (Ýaponiýa) «Çalik» we «Rönesans» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasynda bu ýatagy özleşdirmegiň çäklerinde desgalary gurmagyň taslamasy hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyk bar. Täze ýangyç gorlaryny gözlemek nukdaýnazaryndan, häzirki wagtda Türkmenistanyň çägi uly gyzyklanma döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamy ösdürmek boýunça edýän tagallalarynyň netijesinde ulanylýan ýataklarda geologiýa-gözleg işleri dikeldildi. Munuň özi çuňlugy 7 kilometre çenli bolan düzümleri öwrenmäge gönükdirilendir. Hususan-da, ýurdumyzyň günbatarynda «Goturdepe» ýatagynda, şol sanda Hazaryň ýalpak suwly böleginde döwrebap enjamlary hem-de programma üpjünçiligini ulanmak arkaly 3D seýsmiki barlaglar geçirildi. Mundan başga-da, 870 pogon kilometre barabar bolan «Darja» çäginde 2D usuly bilen seýsmiki gözleg işleri amala aşyryldy. Indi şeýle işler «Barsagelmez» ýatagynda geçiriler. Şol ýerde 3D seýsmiki surata düşürmek işleri 345 inedördül kilometri gurşap alar. «Demirgazyk Goturdepe» ýatagyny bu ugurdaky işleriň geljeginiň uludygyny tassyklaýan mysal hökmünde görkezmek bolar. Şol ýerde 4 müň metrden gowrak çuňlukda nebitiň täze gatlagy ýüze çykaryldy. «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan Singapurda bellige alnan «Ýug — Neftegaz» kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan täze maýa goýum taslamasynyň birinji tapgyrynda gözleg-barlag hem-de ulanyş guýularynyň 60-syny gurmak meýilleşdirilýär. Şolaryň birinjisini burawlamak işleri şu ýylyň iýun aýynda başlandy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleri Hazarýaka sebitde ýerleşen Uzynada meýdançasynda çuňlugy 7 müň metrden gowrak bolan guýularyň ikisini burawlap, uglewodorod çig malynyň senagat akymyny aldylar. Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynyň taryhynda şeýle guýular ilkinji gezek burawlanyldy hem-de häzirki wagtda Merkezi Aziýada iň çuň guýular bolup durýar. Bu ýerde nebitçiler bilen birlikde, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edaralary hem gözleg-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Olar örän çuň guýularyň ýene-de ikisini burawlaýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygy ep-esli giňeltmäge uly ähmiýet berýär. Şu ýylyň mart aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň arasynda şu ýatagy özleşdirmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Türkmenistanyň günorta-gündogarynda, Lebap welaýatynda täze «Täjibaý» ýatagy açyldy. Günbatar sebitden tapawutlylykda, bu ýerdäki gaz uly bolmadyk çuňlukda ýerleşýär hem-de ony özleşdirmek aňsatdyr. Şol ýatakdaky ýangyç serişdeleriniň düzüminde kükürtli wodorod ýokdur. Munuň özi bolsa örän wajypdyr. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan burawlanan ilkinji guýular 2400 metr çuňlukda önümli gatlagyň üstüni açyp, debiti 475 — 500 müň kub metre barabar bolan gazyň senagat akymlaryny berdi. Hazaryň türkmen böleginiň ýataklarynyň hem geljegi uly hasaplanylýar. Bilermenler şolaryň gorlaryny 12,1 milliard tonna nebit we kondensat hem-de 6,1 trillion kub metr gaz möçberinde bahalandyrýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde «Petronas Carigali (Türkmenistan)» (Malaýziýa) kompaniýasy işjeň işleýär. Bu kompaniýa «Toplum –Daýhan birleşigi» şertnamalaýyn çäkde uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak işlerini alyp barýar. Goýlan maýa serişdeleriniň umumy möçberi 11 milliard dollara golaýdyr. Häzirki döwürde «Magtymguly» hem-de «Diýarbekir» ýataklarynda nebiti we gazy çykarmak işleri amala aşyrylýar. Ýakyn geljekde «Garagol deňiz» ýatagynyň günbatar böleginde burawlamak işlerini işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemegi üçin nebitgaz ulgamynda ähli şertler döredildi, şoňa görä-de, dünýäniň işewür düzümleri tarapyndan ýurdumyza gyzyklanma has-da artýar. «Dragon oil (Türkmenistan) Ltd» kompaniýasy, «Dragon Oiliň» golçur düzümi (BAE) «Çeleken» şertnamalaýyn çägiň düzümine girýän «Jeýtun» we «Jygalybeg» ýataklaryny özleşdirýär. Bu ýerde deňiz nebitgaz düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça giň möçberli işler ýerine ýetirildi. Sanlar barada aýdylanda bolsa, şu maksatlar üçin jemi ABŞ-nyň 6,6 milliard dollaryndan gowrak serişde gönükdirildi. Häzirki wagtda «Petronas» we «Dragon oil» kompaniýalary Türkmenistanyň «Uglewodorod serişdeleri hakyndaky» Kanunyna laýyklykda, baglaşylan şertnamalary uzaltmak barada gepleşikleri alyp barýarlar hem-de bu babatda täjirçilik teklipleriniň birnäçesini hödürlediler. Mundan başga-da, «Buried Hill» (Kipr), «RWE» we «Wintershall» (Germaniýa), «ARETI» (baş edarasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýär) kompaniýalary bilen deňiz bölekleriniň birnäçesi boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar bar. Italiýanyň «Eni» kompaniýasy («Nebitdag» şertnamalaýyn çägi) hem-de Awstriýanyň «Mitro International» kompaniýasy («Hazar» konsorsiumy) bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu kompaniýalar Hazar sebitinde indi köp ýyllaryň dowamynda netijeli işleýärler. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Russiýanyň «Tatneft» paýdarlar jemgyýeti bilen «Goturdepe» ýatagyndaky guýulary düýpli abatlamak we nebit gatlaklarynyň önümliligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary etmek baradaky şertnamanyň möhleti uzaldyldy. Onuň çäklerinde «Tatneftiň» şahamçasynda işlemek üçin türkmen hünärmenleri goşmaça seçilip alyndy, ýörite tehnikalar gelip başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýun aýynda Tatarystan Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda amala aşyrylýan işleriň gerimini giňeltmek mümkinçiligine garalýar. Şunuň bilen birlikde, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýangyç çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iri senagat desgalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektrik energetikasyna degişli desgalary gurmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Geçen ýyl Gyýanly şäherçesinde milli Liderimiziň gatnaşmagynda polimer zawody dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu döwrebap gazhimiýa toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International Corp» hem-de «Hyundai Engineering» kompaniýalary (Koreýa Respublikasy) tarapyndan «TOYO Engineering Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) gatnaşmagynda guruldy. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge hem-de şonuň hasabyna ýokary dykyzly polietileniň 386 müň tonnasyny, polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Germaniýanyň Ýulius Kýun adyndaky institutynyň, Şweýsariýanyň Paul Şerrer institutynyň hem-de ABŞ-nyň Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň güwänamalary taslamanyň maýa goýum babatda bähbitliligi hem-de daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklaýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan zawodyň Döwlet haryt-çig mal biržasy arkaly satuwa çykarylan önümleriniň dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň uly gyzyklanmasyny döredendigi bellärliklidir. Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna polimerleri uly möçberde iberýän ýurtlaryň birine öwrüldi. Şu ýylyň aprel aýynda, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde resminamalaryň ençemesine, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekildi. Hususan-da, «NaPeCo» milli nebit kompaniýasynyň hem-de «LG International» kompaniýasynyň arasynda şu gazhimiýa toplumynyň önümlerini dünýä bazarlarynda ýerlemek üçin bilelikdäki kärhanany döretmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we Koreýanyň senagat tehnologiýalary instituty dokma sintetiki süýümleri, şol sanda Gyýanlydaky zawodyň polimerlerinden önümleri öndürmegi ýola goýmak mümkinçiligini öwrenerler. Şeýlelikde, gaz pudagynda çig maly çykarmakdan we gaýtadan işlemekden başlap, goşmaça ýokary bahaly önümleri ýerlemäge çenli doly önümçilik ulgamy dörediler. Indi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda Ýaponiýanyň iri kompaniýalary üstünlikli işleýär. Ýaponiýanyň bütin dünýä belli önümleri türkmen bazarynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýun aýynda Ahal welaýatynda dünýädäki ilkinji tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň işe girizilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan gurlan bu täsin toplumyň marketing strategiýasy işlenip taýýarlanylýar. Zawodyň ýylda «Euro-5» standartyna laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa ECO-93 benzininiň 600 müň tonnasyny, ugurdaş önümlerden kükürtden arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny hem-de suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny çykarmaga niýetlenendigini ýatlamalydyrys. Ýewropanyň ençeme ýurtlary bu önüme uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler. Senagat toplumy «Dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod» hökmünde «Ginnesiň Rekordlar» kitabyna girizildi hem-de Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň «Innowasion tehnologiýalar» hem-de ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň «Ekologiýa taýdan arassa» güwänamalaryna mynasyp boldy. Bellenilişi ýaly, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan täze taslamalaryň tanyşdyrylyşy bolar. Geljekki maýadarlar we hyzmatdaşlar bilen forumyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklar we gepleşikler hem şu meselä bagyşlanar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Şolar nebiti gaýtadan düýpli işlemegi 90 göterimden ýokary görkezijä ýetirmäge, ýokary hilli benzinleriň, tehniki ýaglaryň we beýleki nebithimiýa önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, Seýdi şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda benzolyň öndürilişini ýola goýmagyň tehniki we ykdysady taýdan maksadalaýyklylygy öwrenilýär. Şondan soňra benzol dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän polistirol hem-de kauçuk ýaly gymmatly önümleri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylar. Gaz pudagynda hem birnäçe taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda Balkan welaýatynda ikinji polimer zawody hem-de Ahal welaýatynda sintetiki benzin öndürýän zawodyň ikinji nobatdakysy, Lebapda kauçuk we polistirol öndürýän zawod, Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat (PVAC) hem-de metanol öndürýän kärhana bilen baglanyşykly taslamalar bar. Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň açyklygy ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, amatly maýa goýum ýagdaýy — bularyň ählisi dürli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz toplumynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýär.

Soňky habarlar
29.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.11
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady
29.11
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
top-arrow