Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 28.07.2019
1669

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, ABŞ-dan, BAE-den, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, peç ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda («Türkmengaz» DK) öndürilen mazuty, awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük, pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 34 million 965 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gazagystandan, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 4 million 359 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi, pagta übtügini satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 898 müň manatlykdan gowrak polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow