Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 13.07.2019
1683

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 148-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Singapurdan, Owganystandan, Gruziýadan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, göni usulda arassalanylan benzini, uçar, tehniki we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Şeýle hem Şweýsariýadan we Singapurdan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni usulda arassalanan benzini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt we kükürtden arassalanylan dizel ýangyjy RF-niň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, Russiýa, BAE, Türkiýe Respublikasy, Şweýsariýa, Serbiýa, Estoniýa, Gonkong, Özbegistan döwletlerinden gelen telekeçilere daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah ýüplük, mebel pamygy, buýan köküniň ergini we pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 81 million 873 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan gelen işewürler bahasy 7 million 978 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 46 million 339 müň manatlykdan gowrak Gyýanlynyň polimer zawodynyň ýokary dykyzlykly polietileni hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow