Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi
Medeniýet
Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi
Çap edildi 14.07.2019
2232

Şu gün Atatürk uniwersitetiniň medeniýet merkeziniň «Milli erk» binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresiniň dabarasy Siwas şäherinde başlandy, soňra bolsa Erzurum şäherinde dowam etdi, bu ýerde ýurdumyzyň amaly-haşam sungaty eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, fotosergi guraldy, sungat ussatlarynyň konsertleri boldy. Türkmen-türk gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde köp sanly maslahatlary, festiwallar, sergiler, konsertler hem-de iki ýurtda guralýan beýleki çäreler ýardam berýär. Şu gezekki medeni çäräniň maksatnamasy köp sanly wakalara, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bilen duşuşyklara baý boldy. Ýurdumyzda milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy aýawly goramak, ony baýlaşdyrmak hem-de geljekki nesillere ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasyna gatnaşyjylar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Rejep Taýyp Ärdogana alyp barýan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk syýasaty we ynsanperwer gatnaşyklaryň çäkleriniň giňeldilmegi ugrunda edýän yzygiderli tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki belent derejesine iki doganlyk ýurduň özara ynama esaslanýan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, ony oňyn özgertmeler ruhunda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanmalary netijesinde ýetildi. Dabara tamamlanandan soňra sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Türkmen artistleri ýurdumyzyň köpöwüşginli medeniýetini açyp görkezdiler, folklor we häzirki zaman eserleri bilen çykyş etdiler, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda täze belentliklere tarap öňe barýan Watanymyz wasp edildi. Gadymy küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi dostluk baýramynyň ajaýyp jemlemesine öwrüldi. Bu aýdym-saz baýramçylygy şu gezekki döredijilik çäresiniň türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýylýazgysynda eýeleýän ornuny artdyrdy, mizemez dostluk gatnaşyklary, taryhy, medeni we ruhy umumylyk iki doganlyk ýurduň halklaryny birleşdirýär.

Soňky habarlar
09.03
Halkyň abadan durmuşy baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
08.03
Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli GUTLAGY
08.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
07.03
Köp çagaly enelere belent sarpa
07.03
Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konserti
07.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işleriň barşy bilen tanyşdy
06.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow