Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy
Medeniýet
Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy
Çap edildi 10.07.2019
1727

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi öz işine başlady. Şäheriň kongres binasynda bolsa türkmen kinofilmleri görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýedir, şunda ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Bu bolsa medeni gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, dürli halklaryň däpleri we baý taryhy mirasy, olaryň şu güni bilen tanyşmaga ýardam edýär. Gadymy Siwas şäheri doganlyk ýurduň wekillerini myhmansöýerlik bilen garşylady. Ýerli kitaphananyň binasynda geçirilen medeni forumyň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Baştutany Rejep Taýyp Ärdoganyň tagallalary bilen ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet, bilim, ylym, milli mirasy goramak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Medeniýet ulgamynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklaryň gurallaryny kämilleşdirmek, bilelikdäki taslamalary we çäreleri, şol sanda saz, folklor we teatr festiwallaryny, dürli sergileri we bäsleşikleri geçirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Dabara Türkiýe Respublikasynyň köp sanly medeniýet we sungat işgärleri, taryhçylar, sungatşynaslar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Şu döredijilik çäresi iki ýurduň gadymy döwürlerden ruhy we medeni gymmatlyklar bilen bagly bolan halklarynyň dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek boýunça alyp barýan işiniň netijeliliginiň aýdyň subutnamasy boldy. Şeýle hem kitaphanada muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş sungaty eserleriniň hem-de halkymyzyň amaly-haşam döredijiliginiň, fotosuratlaryň we kitaplaryň sergisi guraldy. Medeni-taryhy mirasymyzyň hem-de ýurdumyzyň häzirki zaman çeperçilik durmuşynyň şunuň ýaly özboluşly keşbi myhmansöýer türk topragynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň işiniň özboluşly başlangyjyna öwrüldi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ynsanperwer gatnaşyklar — halkara hyzmatdaşlygyň ruhy özeni bolup durýar. Olar medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, sungatyň ösmegine ýardam edip, dürli ýurtlaryň we halklaryň wekillerini ýakynlaşdyrýar, munuň şeýledigini türkmen döredijilik wekiliýetiniň gatnaşmagyndaky çäreler hem tassyklady. Siwas şäheriniň Atatürk adyndaky medeniýet merkezinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Meşhur estrada aýdymçylary, folklor we tans toparlary, bagşylar öz çykyşlarynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi netijesinde kuwwatly itergä eýe bolan häzirki zaman milli medeniýetiň ýokary derejesini wasp etdiler. Türkiýeli tomaşaçylar artistleriň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Ynsanperwer hem-de medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegi beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhüm şertidir. Ynsanperwer ulgamda iki ýurduň bähbidine kybap gelýän bilelikdäki möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagy özara düşünişmegiň, birek-birege hormatyň berkidilmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki halkyň taryhy, medeni we ruhy ýakynlygy türkmen-türk gatnaşyklarynyň mäkäm binýady bolup durýar. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däplerimizi dowam etmek we olary geljekki nesillere ýetirmek baradaky sargytlaryny durmuşa geçirmek biziň mukaddes borjumyzdyr diýip, milli Liderimiz belleýär. Medeni çäreleriň çäklerinde milli atçylyk, hususan-da, seýisçilik sungatyna bagyşlanan «At — myrat» atly çeper film görkezildi. Türkiýede biziň milli baýlygymyz bolup durýan ahalteke bedewlerimize uly söýgi bilen garaýarlar, şonuň üçin bu film türk tomaşaçylarynda uly gyzyklanma döretdi. Bu döredijilik forumy iki ýurduň köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekde medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň ähmiýetiniň uludygyny nobatdaky gezek tassyklap, olaryň köpugurly gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.

Soňky habarlar
26.11
Aşgabatda ITTC-2024 halkara maslahaty we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
top-arrow