Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek başlandy
Jemgyýet
Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek başlandy
Çap edildi 08.07.2019
3757

Şu gün ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek başlandy. Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekip, 2019-njy ýylda welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady. Şol resminama laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 8-nji iýul — 17-nji awgust aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny şolaryň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Şeýle hem milli Liderimiz degişli döwlet toparynyň düzümini tassyklady, oňa okuwa kabul etmäge guramaçylyk — usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bu okuw mekdeplerine kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. Şu ýyl 12 müň 242 adam ýokary okuw mekdepleriň talyplary bolar, munuň özi geçen ýylyň degişli görkezijisinden 3 müň 392 adam köpdür. Şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim almaga isleg bildirýän adamlaryň 8 müň 54-si kabul ediler. Ýurdumyzyň hereket edýän ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlarynyň 33-si peýda boldy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna ilkinji gezek talyplar kabul ediler. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hünärli işgärlere bolan isleglerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde hünärleriň sany artdyryldy. Şeýle hem okuwçylaryň saýlap aljak hünärine degişli ýörite bilimleri hem-de endikleri we başarnyklary berjek mekdeplere okuwçylary kabul etmegiň sany hem artdy. Şeýlelikde, şu ýyl Türkmenistanyň orta hünärment okuw mekdepleriniň 42-si ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň we kärhanalaryň sargytlaryna laýyklykda 9 müň 63 okuwçyny okuwa kabul ederler. Bilim ministrliginiň garamagyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdeplerine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky lukmançylyk hünär okuw mekdeplerine, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky hünärment okuw mekdeplerine giriş synaglary ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, 24-nji iýuldan 14-nji awgust aralygynda geçiriler. Şunda hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünärment okuw mekdepleri resminamalary 10-njy awgusta çenli kabul eder, olarda giriş synaglary 13 — 17-nji awgustda geçiriler. Öňde agzalyp geçilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň ünsüni olaryň öňünde durýan möhüm wezipä — ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek çäresine çekip, onuň ýokary derejede we aç-açanlykda geçirilmelidigini ýene bir gezek ýatlatdy. Biziň ýokary okuw mekdeplerimize zehinli we zähmetsöýer ýaşlar kabul edilmelidir we okamalydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan bu wezipelerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu gün ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek boýunça möwsüm başlandy, onuň öň ýanynda ýaşlaryň arasynda giňişleýin maglumat beriş işleri geçirildi. Mysal üçin, orta mekdepleriň uçurymlary üçin ýörite telegepleşikler hem-de metbugatda habarlar arkaly ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw mekdepleri barada gürrüň berildi hem-de olarda «Açyk gapylar» günleri geçirildi. Milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasaty netijesinde ýurdumyzda bilimli, giň gözýetimli, ýokary derejeli hünärmenleriň sazlaşykly ösen ýaş nesli kemala gelýär, Watanymyzyň geljegi şolaryň elindedir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
top-arrow