Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 29.06.2019
1661

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 163-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtoulag benzinini, dizel ýangyjyny, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen EKO-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar. Mundan başda-da, Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gyrgysystandan gelen işewürlere reňksiz list aýna, nah ýüplük, regenirlenen süýüm ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 89 million 198 müň dollaryna barabar boldy. Manat serişdesine Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Gonkongyň, Gazagystanyň işewür toparlary tarapyndan jemi bahasy 10 million 562 müň manada barabar bolan nah mata we ýüplük satyn alyndy. Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri jemi bahasy 10 million 732 müň manatlyk ýokary dykyzlykly polietileni, aglomerat polietilenini hem-de aglomerat polipropilenini satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow