Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşi
Çap edildi 27.06.2019
1686

27-nji iýunda edermen türkmen daýhanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Watan harmanyna guşgursak azyklyk bugdaýyň 1 million 600 müň tonnadan gowragyny tabşyryp, uly zähmet ýeňşi barada hasabat berdiler. Ozal habar berlişi ýaly, 25-nji iýunda ýurdumyzda ilkinjiler bolup Ahal welaýatynyň gallaçylary däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler, olar döwlet harmanyna dänäniň 450 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Şol günüň ertesi Mary welaýatynyň ekerançylary şeýle üstünlik barada hasabat berdiler. Maryly daýhanlar Watan harmanyna bugdaýyň 380 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. 27-nji iýunda Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary hasabat berdiler. Lebap welaýatynyň zähmetkeşleri Watan harmanyna 350 müň tonnadan gowrak, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary 300 müň tonnadan gowrak, Balkan welaýatynyň gallaçylary 120 müň tonnadan gowrak ýokary hilli azyklyk bugdaýy tabşyrdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, oba hojalygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler türkmen gallaçylarynyň şu üstünliginiň esasy boldy. Ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy, obasenagat toplumyny dolandyrmak ulgamynyň kämilleşdirmegi, ekerançylyk işine bazar gatnaşyklarynyň yzygiderli ornaşdyrmagy — şu we beýleki birnäçe wajyp meseleler döwlet agrar syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapdy. Ekinlere ideg etmek işi ähli agrotehniki çäreleri berk berjaý etmek esasynda alnyp baryldy. Munuň özi bolsa gallanyň bol hasylyny ýetişdirmäge mümkinçilik berdi. Welaýatlaryň ählisinde ýetişdirilen hasyly ýygnamaga ykjam taýýarlyk görüldi. Bu bolsa ýygym-ulag toplumlarynyň işini takyk utgaşdyrmaga, orak möwsüminde olara gije-gündiziň dowamynda hyzmat etmäge mümkinçilik berdi. Ýöriteleşdirilen tehnikalary satyn almak, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere, telekeçilere ýeňillikli şertlerde berilýän karz serişdeleri, dürli önümleriň, şol sanda bugdaýyň satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwletiň önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar ulgamynyň kämilleşdirilmegi ekerançylaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin oňat höweslendiriş çäresi bolup hyzmat edýär. Ekerançylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy meýdanlarda galan hasylyň iň soňky dänesine çenli ýygnap aljakdyklaryna, özleriniň tutanýerli zähmeti bilen eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ýurdumyzyň galla baýlygyny artdyrjakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow