Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Mary welaýatynyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşi barada hasabat
Ykdysadyýet
Mary welaýatynyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşi barada hasabat
Çap edildi 26.06.2019
1625

Şu gün Mary welaýatynyň gallaçy daýhanlary dänäniň 380 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, azyklyk bugdaýy taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Ýer eýeleriniň dünýä belli «CLAAS», «John Deere», «Case», «New Holland» kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlary gije-gündizleýin we netijeli ulanmagy oragyň depginlerini tizleşdirmäge ýardam berdi. Bu zähmet ýeňşi ekerançylaryň ýurdumyzyň obasenagat ulgamyny ösdürmek baradaky hemmetaraplaýyn aladasyna, ýer eýeleriniň netijeli zähmet çekmegine döredilen şertler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mynasyp jogabydyr. Mälim bolşy ýaly, döwletimiz ýeňillikli bahalardan tehniki hyzmatlary ýerine ýetirýär, mineral dökünleri, ýokary hilli tohumlary hem-de oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramagyň himiki serişdelerini berýär, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy öndürijilerinden döwrebap tehnikalary satyn alýar. Tabşyrylan önüm üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirýär. Bularyň ählisi, bugdaý üçin satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy bilen birlikde, umuman, häzirki möwsümiň barşynda ýokary netijeleri gazanmaga ýardam etdi. Mary welaýatynyň gallaçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdiler hem-de mundan beýläk-de ähli yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekip, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny yzygiderli artdyrjakdyklaryna ynandyrdylar. Ýurdumyzyň meýdanlarynda bugdaý oragy dowam edýär. Daýhanlar öňlerinde goýlan wezipä abraý bilen hötde gelmek üçin ýetişdirilen bugdaý hasylynyň iň soňky dänesine çenli ähli hasyly ýygnap almak yhlasy bilen zähmet çekýärler.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow