Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 22.06.2019
1598

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 87-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Singapurdan, Gonkongdan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, nebit koksuny, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakkum gazoýlyny satyn aldylar. Russiýanyň. Owganystanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilene, şeýle hem karbamide («Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi) isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna günebakar ýagyny, mebel pamygyny, nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 150 million 284 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Hindistandan, Gyrgyzystandan gelen işewürler jemi bahasy 12 million 541 müň manatlykdan gowrak nah matany we ýüplügi hem-de saryja goýnunyň ýüňüni satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow