Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 30.07.2015
1198

Aşgabat, 30-njy iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, halkara we sebit syýasatynyň käbir meseleleri boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Işjeň we oňyn ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň çäklerinde deňhukuklylyk, özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjek ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşmaga ilkinji derejeli üns berildi. Söhbetdeşler söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, şähergurluşyk, obasenagat toplumyny we beýleki pudaklary hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetli ugurlary hökmünde görkezdiler. Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi bellenildi, bu ugurlary ösdürmek iki döwletiň Liderleriniň durmuşa geçirýän syýasatynyň hem ileri tutulýan ugurlarydyr. Iki döwletiň Baştutanlary üstünlikli amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi bilen berkidilen geljekki netijeli hyzmatdaşlyga gyzyklanmalary tassyklap, ýokary we hökümet derejesinde yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň türkmen-rus gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Taraplar halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meselelerine degip geçmek bilen, umumydünýä wakalarynyň oňyn häsiýete eýe bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermekde, hususan-da, dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak we parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de ählumumy howpsuzlygyň berk binýadyny kemala getirmekde Türkmenistanyň we Russiýanyň garaýyşlarynyň ýakyndygyny tassykladylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bilirip, iki dostlukly ýurduň halklaryna bagt, gülläp ösüş hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow