Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 15.06.2019
1711

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasynaABŞ-dan, Singapurdan, BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçilerTürkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini,dizel ýangyjyny, polipropileni, ýangyç mazudy,şeýle hem Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan bolan täjirler tehniki kükürdi, (“Türkmengaz” DK), ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni (Gyýanlynyň polimer zawody), karbamidi we tehniki uglerody,plastik gaby (“Türkmenhimiýa” DK)satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna awtoulag, reňksiz list aýna, nah ýüplük,buýan köki we onuň guradylan görnüşi ýerlenildi.Satyn alan ýurtlara Russiýa, ABŞ, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan degişlidir.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 132 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 4 million 173 müň manatlykdan gowrak bolannah ýüplügi hem matanysatyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow