Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Sergeý Lebedew GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirdi
Syýasy habarlar
Sergeý Lebedew GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirdi
Çap edildi 06.06.2019
1051

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň we hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň guramaçylygynyň we geçirilişiniň ýokary derejesi üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde goşulyşmagyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek görkezdi, biz bolsa hemmämiz türkmen dostlarymyzyň däp bolan göwnaçyklygyny we myhmansöýerligini ýene-de bir gezek duýduk. Siz bilen bolan söhbetdeşligimden hem-de GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň açylyşynda Siziň eden manyly çykyşyňyzdan galan ajaýyp täsirler kalbymda berk orun aldy. Siz şol çykyşyňyzda arkalaşygyň çäklerinde bolşy ýaly, Merkezi Aziýa sebitinde hem goşulyşmak işlerine Türkmenistanyň gatnaşmagyny jikme-jik beýan etdiňiz. Pursatdan peýdalanyp, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size mähriban Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işiňizde üstünlikleri, berk jan saglygyny we abadançylygy tüýs ýürekden arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Sergeý LEBEDEW, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow