Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda galla oragyna girişildi
Ykdysadyýet
Türkmenistanda galla oragyna girişildi
Çap edildi 05.06.2019
979

Ýurdumyzda 5-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 24-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen daýhanlara galla meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa, oraga 12-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýurdumyzyň hormatly ýaşululary Beýik Biribardan Watanymyza abadançylyk, tutuş türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk dileg edip, ýerlerde galla oragyna ak pata berdiler. Olar «Çäjiňe bereket!» diýen hoşniýetli sözler bilen oraga girişdiler we nobaty zähmetsöýer kombaýnçylara berdiler. Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 760 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 450 müň tonna, Mary welaýatynda 380 müň tonna, Lebap welaýatynda 350 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 300 müň tonna we Balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň «Sähraýy», «Juwan», «Bitarap», «Ýolöten — 1», «Ýolöten — 3», «Türkmenbaşy — 1», «Gyzylşaglawuk — 25», «Miras», «Akbaş», «Hasylly» (Batko) we «Watan» (Wassa) ýaly ýokary hasylly görnüşleri ekildi. Umuman, ýurdumyz boýunça 2019-njy ýylyň galla oragy möwsüminde «ÑLAAS», «John Deere», «Ñase», «New Holland» ýaly ýokary öndürijilikli galla ýygnaýan kombaýnlaryň 2 müňe golaýy işlediler. Işler iki çalşykda, gije-gündizleýin alnyp barlar. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Şweýsariýanyň «John Deere International GmbH» kompaniýasy hem-de Germaniýanyň «Umaõ Trade GmbH» kompaniýasy bilen oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlaryň, läbik sorujylaryň hem-de ätiýaçlyk şaýlaryň we sarp ediş serişdeleriniň uly tapgyryny satyn almak boýunça şertnama baglaşdy. Oňa laýyklykda, oba hojalyk tehnikalary 2017 — 2020-nji ýyllarda üç tapgyrda Türkmenistana getiriler. Häzir ýurdumyza «John Deere W 540» we «TUÑANO 430» «ÑLAAS» kysymly däne orujy kombaýnlar tapgyrlaýyn getirilýär. Galla oragy möwsüminde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gije-gündiziň dowamynda gallaçylara hyzmat ederler. Olar işledilýän tehnikalary zerur ýangyç-çalgy ýaglary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Ýurdumyzyň galla meýdanlarynda oraga gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin zerur durmuş şertleri döredildi. Ýerlerde medeniýet işgärleriniň çykyşlary we göçme söwda ýola goýlar. Ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine hem-de ammarlara daşamakda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan berlen ýük ulaglarynyň on müňden gowragy işlediler. Galla oragynyň başlanýan döwrüne çenli degişli barlaghanalar taýýarlanyp, şolarda «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri dänäniň hilini kesgitlär. Tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleri «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda bugdaýy satyn almagyň täze döwlet nyrhlary girizildi. Geçen ýylky bilen deňeşdirilende, azyklyk bugdaýyň bir tonnasynyň bahasy 2 esse ýokarlandyryldy. Halk Maslahatynyň çözgüdine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, daýhan hojalyklarynyň sürümli ýerlerinden welaýatlarda oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznalary döredildi. Şolarda paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere uzak möhletleýin esasda, şol sanda bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleri bölünip berildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň, Zenanlar birleşiginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Galkynyş», «Nesil», «Watan» we «Bereketli toprak» gazetleriniň redaksiýalarynyň bilelikde guramagynda geçiriljek bäsleşik kärendeçileriň, mülkdarlaryň, kombaýnçylaryň we awtoulaglary sürüjileriň öňdebaryjylaryny mälim eder. Galla oragynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, welaýatlaryň hem-de etraplaryň häkimlikleriniň, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda önümçilik maslahatlary geçirildi. Maslahatlaryň dowamynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek we galla orujy kombaýnlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşyjylar oba zähmetkeşleri hakynda yzygiderli alada edýändigi, Watanymyzyň abadançylygyna hem-de ösüşine mynasyp goşant goşýan kärendeçileriň durmuş üpjünçiligi we netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurdumyzda tarp ýerler yzygiderli özleşdirilýär, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýdan bol hasyl almagyň özenidir. Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, olara tehniki hyzmat üçin, tohum, mineral dökün, ösümlikleriň gorag serişdelerini almagy babatda ýeňillikli şertler döredilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi olaryň öz zähmetiniň netijelerine bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, oba hojalyk ylmynyň, seçgiçiligiň, tohumçylygyň ösdürilmegine, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, oba hojalygy boýunça ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly üns berýär. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Oba ýerleriniň ilatynyň maddy hal-ýagdaýy, abadançylyk derejesi ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Ýaşaýyş derejesi boýunça oba ýerleri şäher derejesine barha ýakynlaşýar. Umuman, bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine mümkinçilik berýär. Oba hojalygyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça asyrlaryň dowamynda toplanan tejribe döwrebap tehnologiýalar hem-de ylmyň gazananlary bilen netijeli utgaşdyrylýar. Bu ugurda toplanan tejribä sebitde we dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistanyň 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň möhüm edarasy bolan Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agrar syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr. Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşi öz nobatynda BMG-niň esasy edaralarynyň biri bolan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň möhüm düzümi bolmak bilen, BMG-niň ykdysady-durmuş ulgamlarynda we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynda hyzmatdaşlygy sazlaşdyrýar. Şu günki şanly waka mynasybetli galla meýdanlarynyň ýanynda möwsümiň başlanmagynyň hormatyna dabaralar guraldy. Sergilerde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri, çörek-bulka önümleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görkezildi. Şeýle hem welaýatlaryň aýdym-saz, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Soňky habarlar
29.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.11
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady
29.11
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
top-arrow