Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 03.06.2019
1150

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyzy BMG-niň Baş Assambleýasynyň milli Liderimiziň başlangyjy boýunça esaslandyran Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol ýene bir ýola Aşgabatda bolmak we türkmen jemgyýetinde sport ýokary göterilişini äşgär edýän giň möçberli baýramçylyk çäresine gatnaşmak mümkinçiliginiň dörändigine şatdygyny nygtady. Igor Makarow «ARETI» kompaniýalar toparynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklady. Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň ösdürilmeginiň, halk köpçüliginiň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga çekilmeginiň, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Soňky ýyllarda welosiped sporty ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe boldy. Munuň özi jemgyýetimizde diňe bir sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegini däl, eýsem, onuň ekologiýa medeniýetiniň kämilleşmegini hem şertlendirdi diýip, milli Liderimiz belledi. Duşuşygyň dowamynda sport ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň üçin Türkmenistanda ähli zerur şertler, şol sanda degişli döwrebap köpugurly düzüm döredildi. Igor Makarowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy netijesinde, Türkmenistan sport ýurdy hökmünde ykrar edilip, onuň dünýäde welosiped hereketi boýunça öňde barýandygy guwançly ýagdaýdyr. Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy degişli güwänama bilen sylaglamak we 2021-nji ýylda Aşgabatda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny bermek hakyndaky çözgüdi, şeýle hem ýurdumyza «Guinness World Records» kompaniýasynyň nobatdaky güwänamasynyň gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanda 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek, şeýle hem 2026-njy ýylda şosse welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek işlerine taýýarlygyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ýurdumyzda Welosipedçileriň halkara birleşigi (UÑI) bilen bilelikde ýokary derejeli we halkara ýaryşlarynda Watanymyza mynasyp wekilçilik etmäge ukyply türkmen türgenlerini taýýarlamak maksady esasynda ýöriteleşdirilen mekdebi açmak baradaky pikir öňe sürüldi. Şunuň bilen baglylykda, Igor Makarow «Katýuşa — Türkmenistan» toparyny döretmek hakyndaky teklibi öňe sürdi. «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy ýurdumyzda alyp barýan işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi we bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdi. Duşuşygyň ahyrynda myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu gün bellenilýän ajaýyp baýramçylyk bilen ýene bir gezek gutlady we milli Liderimize alyp barýan giň möçberli asylly işlerinde uly üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow