Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Welosipedçileriň halkara birleşiginiň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Welosipedçileriň halkara birleşiginiň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 03.06.2019
983

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) ýolbaşçysy Dawid Lappartýeni kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we türkmen halkyny şanly waka — Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde dünýä rekordynyň — iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş hökmünde dünýä rekordynyň goýulmagy mynasybetli gutlady. Bu netije Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi hem-de degişli şahadatnama gowşuryldy, şeýle hem şu gün döwlet Baştutanymyza Welosipedçileriň halkara birleşiginiň minnetdarlyk şahadatnamasy berildi. Dawid Lappartýeniň belleýşi ýaly, bu tapawutlandyryş nyşanlary Türkmenistanyň we onuň Lideriniň sporty ösdürmekde hem-de umuman, ählumumy parahatçylygy we ösüşi berkitmekde oňyn başlangyçlarynyň halkara ykrarnamasynyň subutnamasydyr. Welosipedçileriň halkara birleşiginiň ýolbaşçysy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda guralýan dabaralaryň gerimine haýran galýandygyny beýan edip, Türkmenistanyň ilaty sagdyn durmuş ýörelgesine giňden çekmek boýunça tutuş dünýä bileleşigine mynasyp görelde bolýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda sport-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, ilatyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, boş wagtyň peýdaly guralmagyna, ynsanyň ömrüniň dowamlylygynyň hem-de döredijilik işjeňliginiň artdyrylmagyna gönükdirilen durmuş ugurly ulgamlarynyň biri hökmünde ägirt uly üns berilýändigini nygtady. Bu maksatlar biziň döwletimiziň başlangyjy bilen esaslandyrylyp bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň binýadyna goýlandyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de Türkmenistanyň welosiped sportuny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň giňden goldanylýandygy hökmünde minnetdarlyk şahadatnamasynyň gowşurylandygy üçin Dawid Lappartýene minnetdarlygyny beýan etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda soňky ýyllarda ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolýan welosiped sportuny ösdürmekde hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar boldy. Welosipedçileriň halkara birleşiginiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, sportuň bu görnüşi boýunça iri halkara ýaryşlary geçirmek üçin Türkmenistan ähli mümkinçiliklere eýedir, muňa amatly howa şertleri, şeýle hem häzirki zaman sport düzümleri ýardam berýär, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki ajaýyp ýapyk welotrek binasy munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Welosipedçileriň halkara birleşigi bilen bilelikde 2021-nji ýylda ýurdumyzda trek welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek ugrunda iş ýüzündäki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Dawid Lappartýeniň nygtaýşy ýaly, giň gerimli sport ýaryşlaryny mynasyp derejede geçirmekde Türkmenistanyň tejribesi Welosipedçileriň halkara birleşiginiň howandarlygynda öňde boljak dünýä derejeli bäsleşikleri hem ýokary derejede guraljakdygynyň ygtybarly kepili bolup durýar. Öz nobatynda UCI-niň ýolbaşçysy bütin dünýäde welosiped güni ýaly ajaýyp senäni bellemek başlangyjy bilen çykyş eden ýurt hökmünde Türkmenistanyň welosiped sportunyň halkara hereketi babatynda mynasyp merkez bolup biljekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Welosipedçileriň halkara birleşiginiň ýolbaşçysy birek-birege üstünlikler arzuw etdiler hem-de hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow