Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
YHDG: GDA gatnaşyjy döwletleriň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň XIV forumy GDA yurtlarynyň giňişligini berkitmäge saldamly goşant goşdy
Syýasy habarlar
YHDG: GDA gatnaşyjy döwletleriň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň XIV forumy GDA yurtlarynyň giňişligini berkitmäge saldamly goşant goşdy
Çap edildi 02.06.2019
930

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident! Aşgabatda 2019-njy ýylyň 14 — 17-nji maýynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA gatnaşyjy döwletleriň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň XIV forumy geçirildi. Forum Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bitewi ynsanperwer ulgamyny giňeltmäge mynasyp goşant goşmak bilen, giň halkara ykrarnama eýe boldy we ylym, medeniýet ulgamynda köp sanly täze köpugurly gatnaşyklaryň emele gelmegini şertlendirdi. Bu çäre GDA ýurtlarynyň ählisiniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi. Forum biziň halklarymyzyň arasynda ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň berkidilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Size forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berendigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Oňa gatnaşyjylar güneşli Aşgabatda bolmagyň her pursadynda türkmen kärdeşleriniň mähirli gatnaşyklaryny we aladasyny duýdular. Forumyň geçirilmegine örän çynlakaý taýýarlyk işleriniň alnyp barlandygy şübhesizdir we yhlasly hem-de oýlanyşykly tagallanyň netijesinde ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň Aşgabatda geçirilen XIV forumy ýokary halkara derejedäki ajaýyp çäre hökmünde oňa gatnaşyjylaryň ýadynda galar. Aşgabat — gözelligi boýunça ajaýyp şäher. Biz, çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, Size Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň paýtagtynyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmaga, ýurduň durmuşy barada köp zatlary bilmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirýäris. Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, beren goldawyňyz üçin Size ýene bir ýola hoşallyk bildirmäge, alyp barýan döwlet işiňizde üstünlik arzuw etmäge rugsat ediň! Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýäris. Polat Bülbül ogly, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, M.Ý.Şwydkoý, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili, A.G.Iksanow, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň Ýerine ýetiriji direktory.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow