Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 01.06.2019
1713

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan,Germaniýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Estoniýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçarkerosinini, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinden gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň M-100 kysymly mazudyny, Russiýa Federasiýasynyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynyň önümi bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük, pagta ýüplüginiň arassalanan galyndylary ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar: ABŞ, BAE, Türkiýe, Özbegistan, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 35 million 577 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Şotlandiýadan gelen telekeçiler 2 million 720 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar. Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri 2 million 815 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini, süýmlük übtügi we pagta lintini satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow