Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 19.05.2019
1775

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Gruziýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, az kükürtli ýangyç mazudyny, Russiýa Federasiýasyndan, Şweýsariýadan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem Rumyniýadan we Türkiýe Respublikasyndan gelen işewür toparyň wekilleri karbamidi («Türkmenhimiýa» DK we «Türkmensenagat eksport-import» APJ) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, portlandsement, nah mata we ýüplük, mebel pamygy ýerlenildi. Satyn alanlar Russiýadan, Türkiýeden, BAE-den, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan, Owganystandan gelen telekeçilerdir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 184 million 714 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Kanadadan, BAE-den, Türkiýeden, Gazagystandan, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 15 million 947 müň manatlykdan gowrak bolan nah matany we ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 377 müň manatlykdan gowrak pagta-süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow