Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna aýdym-sazly dabaralar
Medeniýet
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna aýdym-sazly dabaralar
Çap edildi 18.05.2019
1630

Şu gün paýtagtymyzyň gözel ýerinde, açyk asmanyň astynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ählihalk baýramçylygyna bagyşlanan döredijilik agşamy — dabaraly konsert geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň hukugynyň we azatlygynyň, abadançylygynyň we rowaçlygynyň, mähriban topragymyzda emele gelen durnuklylygyň we ylalaşygyň ygtybarly kepili bolup durýar. Al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl Baýdagymyz mähriban Watanymyzyň erkanalygynyň we nurana geljeginiň nyşany hasaplanylýar. «Biz Konstitusiýamyzyň binýatlyk kadalaryna daýanyp, döretmäge bolan kuwwatymyz, gurmaga bolan güýjümiz, beýik geljegimize bolan ynamymyz bilen berkarar döwletimizi öňe alyp barýarys. Garaşsyz Diýarymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny tehnologiýa babatda döwrebaplaşdyrmaga, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň we meýilnamalaryň ençemesini kabul edip, olary üstünlikli durmuşa geçirýäris» diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilýär. Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk şaýoly bilen Gypjak köçesiniň aralygyndaky meýdançada türkmen toýlaryna mahsus baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanja beslenen ýokary jemgyýetçilik ruhy göteriliş döredi. Baýramçylyk çäresine köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Bu ýerde bahar paslynyň ýakymly agşamlarynyň amatly howa gurşawy baýramçylyga gatnaşýanlarda oňyn täsirler galdyrdy. Ýurdumyzyň belli aýdym-saz sungatynyň ussatlary, tans toparlary baýramçylyga gatnaşyjylara joşgunly çykyşlary eçildiler. Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän ynsanperwerlik, dostanalyk we parahatçylyk söýüjilik ýaly asylly ýörelgeleri çykyşlaryň özenini düzdi. Şöhratly pederlerimiziň paýhasy giňden dabaralandyrylýan bu ýörelgeler ýurdumyzyň Esasy Kanunynda öz beýanyny tapdy. Konstitusiýa häzirki döwürde döwletiň demokratik we hukuk esaslaryny, jemgyýetiň bozulmaz bitewüligini, ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk üçin açyklygyny özünde jemleýär. Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli maksatnamalary boýunça syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda köptaraply taslamalar durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýy belende galýar. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň asylly ýörelgelerinden ruhlanýan döredijilik işgärleri özleriniň çykyşlary bilen hut şu ugurlary wasp etdiler. Ruhubelentlik hem-de türkmen halkynyň häzirki we geljekki nesilleri üçin saklanan hem-de kämilleşdirilýän baý ruhy mirasy «Ýürekde — sena Watan» atly edebi-sazly çykyşda öz beýanyny tapdy. «Serpaý» toparynyň ýerine ýetiren bu aýdymy ýurdumyzyň birleşen folklor tans toparlarynyň çykyşy bilen utgaşdy. Söz sungatyny, ajaýyp owazy özünde birleşdiren sungat dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Soňra «Laçyn» folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» atly aýdym belentden ýaňlandy. Aýdymda Döwlet baýdagymyzyň dünýä giňden belli bolmagyna, häzirki wagtda türkmen halkynyň ýokary ynsanperwer maksatlaryna ygrarlydygyny şanlandyryp, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň baýdak sütünlerinde parlamagyna giň ýol açan hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ugry şöhratlandyrylýar. Konsert maksatnamasynda estrada eserleri, yşky-liriki aýdymlar, belent owazlar özboluşly sazlaşygy döredip, çäräniň dabarasyny artdyrdy. «Altyn asyr» orkestriniň ýerine ýetirmeginde çalnan ajaýyp saz eserleri baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem «Näzli», «Meňli», «Aşgabat» we döwlet tans toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylarda baýramçylyk ruhubelentligini döretdi. Türkmen halkynyň medeni mirasynyň möhüm bölegi bolan, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan türkmen halkynyň ajaýyp «küştdepdi» tansyny ýerine ýetiren «Miras» we ýurdumyzyň birleşen folklor tans toparlary baýramçylyga gatnaşýanlara özboluşly lezzet berdi. Milletiň şanly senelerine bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynda kuwwatly ruhy göteriliş, watansöýüjilik, halkyň asylly ýörelgeleri, ýurdumyzyň köptaraply ösüşiniň esasy ugurlary öz beýanyny tapdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen köpasyrlyk taryhy tejribä, milli dessurlara we umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan oňyn ýörelgeleriň rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda joşgunly «Goý, baky parlasyn Watan baýdagy!» atly aýdym has-da belentden ýaňlandy. Ol milli Liderimiziň paýhasly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda halkymyzyň barha berkeýän agzybirliginiň we bitewüliginiň senasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan şu günki dabaralar paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde — Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň öňündäki Baş baýdak meýdançasynda, «Ylham» seýilgähinde ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we etrap merkezlerinde, teatrlarda, kinokonsert merkezlerinde, medeniýet öýlerinde, açyk konsert meýdançalarynda şanly sene mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Şolarda joşgunly tanslar we Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlar dabara gatnaşýanlarda ýakymly täsirler galdyrdy.

Soňky habarlar
23.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady
23.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
23.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady
23.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
22.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
2024-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
21.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow