Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Mary welaýatynyň ýüpekçileri pile taýýarlamak boýunça meýilnamany ýerine ýetirdiler
Ykdysadyýet
Mary welaýatynyň ýüpekçileri pile taýýarlamak boýunça meýilnamany ýerine ýetirdiler
Çap edildi 17.05.2019
1539

Şu gün Mary welaýatynyň zähmetsöýer ýüpekçileri pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, döwletimiziň pile harmanyna ýokary hilli çig malyň 430 tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Ýüpek pilesi milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri — dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan oňyn özgertmeleri netijesinde dokma senagaty, beýleki pudaklar bilen bir hatarda, okgunly depginler bilen ösýär. Ýüpegi taýýarlamak işiniň awtomatlaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ýüpek matalaryny we önümlerini taýýarlamakda türkmen halkynyň köpýyllyk tejribesi bilen utgaşdyrylmagy keteni matalary dokamagyň gadymy sungatyny dikeltmäge, şeýle hem ýüpekden panbarhat taýýarlamaga ýardam etdi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýşi ýaly, kerwen ýollarynda iri merkezleriň biri — Gadymy Merw Ýewraziýa yklymynyň iki tarapyny birleşdirip, ajaýyp ýüpek matalary bilen tanalypdyr. Şolaryň agramy gyzyla deňelip, Gündogaryň we Günbataryň bazarlarynda uly islege eýe bolupdyr. Bu gün bolsa dünýäniň meşhur muzeýlerinde gadymy türkmen ýüpeginiň we ýüpekden egin-eşikleriň nusgalary taryhy hem-de çeper gymmatlyk hökmünde saklanylýar. Mary welaýatynyň zähmetkeşleriniň üstünligi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk syýasatynyň, daýhanlaryň zähmetini höweslendirmek, şol sanda pile, däne, pagta we beýleki oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhlaryny yzygiderli ýokarlandyrmagyň hasabyna höweslendirmek boýunça görülýän çäreleriň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow