Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda pudaklaýyn sergi we halkara ylmy maslahat geçirildi
Ykdysadyýet
Aşgabatda pudaklaýyn sergi we halkara ylmy maslahat geçirildi
Çap edildi 16.05.2019
1005

Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara öz Gutlagyny iberdi. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bu çäräniň oba hojalygynda we tohumçylykda ýetilen sepgitleri wagyz etmek, daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmak we bu ugurda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin meýdança öwrüljekdigine ynam bildirýär. Şunuň ýaly çäreler dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekip, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirýän ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmaga we pugtalandyrmaga giň ýol açýar. Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň köp sanly pudaklary, şol sanda obasenagat toplumy sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Türkmenistanyň oba hojalygynyň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmakda, obasenagat toplumyny ösüşiň täzeçil ýoluna geçirmekde, döwletiň goldaw bermeginiň hasabyna öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmakda döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklaryna möhüm orun degişlidir. Olaryň hemmesi döwletiň goldamagynda telekeçilere ýeňillikleriň we karzlaryň berilmegi arkaly bolup geçýär. Ýurdumyzyň haryt öndürijilerine goldaw bermek boýunça döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri has köp öndürmek maksady bilen miwe we gök önümleriň önümçiligi boýunça täze kärhanalar, ýyladyşhanalar, eti gaýtadan işleýän bölümler we beýleki kärhanalar yzygiderli açylýar. Ýurdumyzda yzygiderli guralýan köpugurly we ugurdaş ykdysady sergiler, daşary ýurtda guralýan ýurdumyzyň sergileri Türkmenistanda öndürilýän önümleri giňden wagyz edýärler. Bu önümler halkara hil we ekologiýa howpsuzlyk güwänamalaryna eýe bolýar. “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly önümler tutuş dünýäde tanalýan milli harytlara öwrülýär. Bu gezekki sergide ýurdumyzyň ugurdaş pudaklaýyn düzümleriniň paýtagtymyzyň we welaýatlaryň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly kompaniýalaryň 70-e golaýynyň ýeten üstünlikleri görkezilýär. Sergi ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň gazanýan üstünliklerini beýan etmek bilen bir hatarda myhmanlary obasenagat toplumynyň mümkinçilikleri, dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlary bilen tanyşdyrýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar oba hojalygynyň eksport ulgamynda we daşary döwletlerden getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli önümçiligiň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda öz tekliplerini hödürlemäge taýýardyklaryny mälim edýärler. Serginiň açylyş dabarasyna dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şu günler ýurdumyzda geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň wekilleri serginiň esasy myhmanlary boldular. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, halk hojalygy toplumynyň işine bazar gatnaşyklarynyň we täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy türkmen ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşini üpjün etdi. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň içerki we daşarky söwdasynyň mümkinçilikleri üstünlikli amala aşyrylyp, ol ulag, maliýe, telekommunikasiýa, syýahatçylyk we beýleki düzümleriň sazlaşykly ösüşini, şeýle hem ýurdumyzyň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrdy. Önümçilige täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň binýadynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan senagat we oba hojalyk önümçiligi kärhanalaryny döretmek türkmen işewürligini ösdürmegiň esasy ugurlary serginiň möhüm bölegini düzdi. Ekologiýa taýdan arassa, ýerli çig mallaryň esasynda çagalar iýmitiniň, miwe we oba hojalyk önümleriniň, şerbet suwlarynyň, maýoneziň, doňdurmalaryň, gaplanan önümleriň, balygy gaýtadan işlemek arkaly öndürilen önümleriň, ýogurtlaryň, şöhlatlaryň, dürli görnüşli konditer we köke önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Serginiň bölümlerinde miweleriň, ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen gök we bakja önümleriniň, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça obasenagat toplumynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň döredilmeginde möhüm orny eýeleýän ýyladyşhana hojalyklarynyň önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Sazlaşykly ösýän türkmen bazarynyň isleglerini nazara alýan daşary ýurtlaryň işewür toparlary obasenagat toplumyny tehniki taýdan üpjün etmek boýunça teklipler bukjasyny taýýarladylar. Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisi bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri beýan etmek, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm şert hökmünde kesgitlän dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak üçin giň mümkinçiligi bolan meýdança öwrüldi. Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly şu günki halkara ylmy maslahatyň gün tertibine GDA ýurtlarynda tohumçylygy dolandyrmak boýunça maglumat-seljerme ulgamynyň döredilmegine bagyşlanan meseleler girizildi. Onda tohumçylyk ulgamynda we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde milli işläp taýýarlamalar görkezildi. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, tohumçylyk dänäniň önümçiligini artdyrmagyň möhüm şerti bolup durýar we ol ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde dänäniň bol hasyly ýetişdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarynyň esasy ugry agrotehnika, aýratyn-da, ösümlik ulgamyndaky özara gatnaşyklary giňeltmekden ybarat bolup durýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň we önümçilik merkezleriniň wekilleriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň toprak-howa aýratynlyklary tohumçylyk pudagynda täzeçil usullaryň işlenip taýýarlanmagyny we onuň ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, türkmen oba hojalykçylary güýzlük bugdaýyň täze sortlaryny döretmekde, seçgi işlerinde, gowaçanyň ýokary hasylly tohumyny döretmekde ägirt uly üstünlikleri gazandylar. Şalynyň tohumçylygynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga bolan ylmy çemeleşmelere bagyşlanan mejlisde Bütinrussiýa şalyçylyk institutynyň direktory, ylymlaryň doktory, professor Sergeý Garkuşa Daşoguz welaýatynyň howa ýagdaýyna ýakyn şertlerde köp mukdarda şaly ösdürip ýetişdirmegiň usullary barada gürrüň berdi. Häzirki döwürde demirgazyk welaýatda Türkmenistanyň esasy şaly ekilýän meýdanlary ýerleşýär. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň çöllük şertlere ýakyn bolan howa ýagdaýyna garamazdan, dünýäniň oba hojalyk pudaklarynyň öňdebaryjy tejribelerini üstünlikli özleşdirýändigini nygtadylar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmegiň dürli meselelerini çözmekde toplanan tejribe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça täzeçil ylmy we tehniki gazananlaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň öndürilýän önümleriň möçberlerini, ýurduň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda ähmiýetlidigini aýan etdi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä bazarynda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň tohumçylygynyň häzirki ýagdaýy we onuň ösüşiniň möhüm ugurlary hakynda doly maglumat almaga, tagallalary birleşdirmegiň ýollaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik aldylar we özara tejribe alyşdylar. Pudaklaýyn foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döwlet Baştutanymyza serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk sözleri aýdylyp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde goýlan ähli wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigi we munuň üçin bilimiň we tejribäniň gaýgyrylmajakdygy barada aýdylýar.

Soňky habarlar
29.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.11
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady
29.11
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
top-arrow