Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ahal welaýatynyň ýüpekçileriniň zähmet üstünligi
Ykdysadyýet
Ahal welaýatynyň ýüpekçileriniň zähmet üstünligi
Çap edildi 15.05.2019
1272

Ahal welaýatynyň pileçi kärendeçileri 156 tonnadan gowrak pile öndürip, ýurdumyzda ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi barada habar berdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda şu welaýatyň häkimi habar berdi. Milli Liderimiz welaýatyň ýüpekçilerini meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi bilen gutlap, olara täze zähmet üstünliklerini, beýleki welaýatlaryň pileçilerine gymmatly çig maly taýýarlamak işini üstünlikli tamamlamagy arzuw etdi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň «2019-njy ýylda pile taýýarlamak hakynda» Kararyna laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine 2 müň 30 tonna möçberde ýüpek pilesini öndürmek barada welaýatlaryň häkimlikleri bilen şertnamalary baglaşmak tabşyryldy. Ahally pileçi kärendeçileriň zähmet üstünligi daýhanlaryň ýerlerde milli Liderimiziň özleri barada edýän aladasyna iş bilen jogap berýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyny ösdürmäge, daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi üçin mümkinçilikleriň döredilmegine, obany ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ahalyň ýüpekçileri oba hojalygyny ösdürmek hakynda edýän atalyk aladasy, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döredilen şertler üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Oba hojalyk işgärleri hormatly Prezidentimize berk jan saglygyny, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, Gahryman Arkadagymyzy geljekde hem eziz Watanymyzyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Ýüpekçiligiň taryhy türkmen topragynda müňlerçe ýyly öz içine alýar. Asyrlaryň dowamynda ýüpekçilik işiniň milli däpleri nesilden-nesle geçirilip, ýüpekden ajaýyp matalary we halylary taýýarlamagyň syrlary biziň günlerimize çenli aýawly saklanyp geldi. Ýüpekçilik bu gün öz ösüşinde täze itergä eýe bolup, ýurdumyzyň dokma senagatynyň geljegi uly pudaklarynyň birine öwrüldi, onuň önümleri Diýarymyzyň içinde we daşynda uly islegden peýdalanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan obasenagat toplumyny özgertmek hem-de sebitleri ösdürmek boýunça toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalary halk senetçiliginiň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmagyň girewidir. Amala aşyrylýan özgertmeler obada täze durmuş-ykdysady gatnaşyklary kemala getirmäge, oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Dokma senagatynyň düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Pudagyň kärhanalarynda ýokary hilli ýüpek sapaklar çykarylýar, ýüpek halylary, milli keteni, panbarhaty hem-de ýüpekden öndürilýän beýleki serişdeleri we önümleri taýýarlaýan kärhanalar açyldy. Obada telekeçiligi goldamak we höweslendirmek boýunça döwlet syýasatynyň ýöredilmegi bilen baglylykda hem ýüpekçiligiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýörite nahalhanalarda, şeýle hem daýhan birleşikleriniň birnäçesinde her ýyl tut agajynyň nahallarynyň müňlerçesi ösdürilip, ýüpek gurçuklary üçin iýmlik binýat döredilýär. Mundan başga-da, tut agaçlarynyň ekerançylyk meýdanlarynyň gyrasynda ekilmegi gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini epgekden gorap, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmäge hem-de daşky gurşawyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Şeýle hem bu daýhanlara ýüpekçiligi pagtaçylyk bilen utgaşdyrmaga hem-de ýerden goşmaça önüm we girdeji almaga mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde oba ilatynyň ýüpekçilik bilen meşgullanmaga gyzyklanmasy ýylsaýyn artýar. Şunda gymmatly çig malyň satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy kärendeçileri maddy taýdan höweslendirmekde möhüm şert bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagy milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän şertlerinde bäsdeşlige ukyplylygyny barha artdyrýar. Dokma senagatyny, şol sanda ýüpekçiligi ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberini has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar, munuň özi dünýä bazarynda uly islege eýe bolan bu önümiň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Soňky habarlar
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17.02
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
top-arrow