Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleri tamamlandy
Medeniýet
Türkmenistanda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleri tamamlandy
Çap edildi 21.04.2019
2000

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy, ol Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Bu döredijilik duşuşygynyň çäklerinde dürli çäreler türkmen paýtagtynda, şeýle hem Mary şäherinde uly üstünlik bilen geçirildi hem-de köp öwüşginli baýramçylyk hökmünde iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman ben Abdul-Aziz Al Saudyň başlangyçlary esasynda guralýan giň möçberli medeni çäreler özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan oňyn döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda wajyp tapgyra öwrüldi. Bu waka iki halkyň örän baý mirasyny özara öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek boýunça bilelikdäki işleri ösdürmek üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat edýär. Bu çäräniň dowamynda arap sungatynyň köp öwüşginli aýratynlyklary beýan edildi. Mukamlar köşgünde we «Watan» kinokonsert merkezinde Saud Arabystanynyň belli aýdymçylarynyň we folklor toparynyň çykyşlary boldy, Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda bolsa myhmanlar sahna oýnuny görkezdiler. Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda tomaşaçylara gadymy we häzirki zaman eserleri görkezildi. Medeniýet günleriniň ähli çäreleri oňa gatnaşan türkmenistanlylarda uly gyzyklanma döretdi hem-de dostlukly ýurduň milli mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Iki ýurduň döredijilik wekilleriniň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen duşuşygynda umumadamzat gymmatlygynyň möhüm bölegi bolup durýan medeni-ruhy mirasy baýlaşdyrmakda türkmen-saud gatnaşyklarynyň geljekki ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar ak mermerli Aşgabadyň muzeýleriniň gymmatlyklary we beýleki ajaýyp künjekleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar «Gadymy Merw» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärliklerine baryp gördüler. Munuň özi myhmanlar üçin ýurdumyzyň taryhy, onuň häzirki döwürdäki ösüşi barada giň düşünje almaga mümkinçilik berdi. Döredijilik festiwaly iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Bu çärä gatnaşyjylar özara ýakymly duşuşyklary geçirdiler. Bu bolsa täze gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döretdi we iki halkyň dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine oňyn şertleri üpjün etdi. Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylar alyp barýan köpugurly hyzmatdaşlyk syýasaty we ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Patyşa Salman ben Abdul-Aziz Al Sauda hoşallyk sözlerini aýtdylar. Myhmanlar mähirli kabul edilendigi we döredijilik çäreleriniň üstünlikli geçirilmegine goldaw berendigi üçin türkmen kärdeşlerine sagbolsun aýtdylar. Jemleýji dostluk konserti baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, tomaşaçylaryň folklor-horeografiýa çykyşlary, dünýä we milli nusgawy saz eserlerini, häzirki zaman estrada we halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetiren artistleriň hem-de döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny uly joşgun we el çarpyşmalar bilen garşylandyklaryny bellemek gerek.

Soňky habarlar
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
09.11
Çagalar — Watanymyzyň geljegi
08.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
top-arrow