Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 20.04.2019
1766

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, polipropileni, dizel ýangyjyny, uçar kerosini, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Şeýle hem Gonkongdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen nebit ýol bitumyny, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Koreýa Respublikasyndan, Gazagystandan gelen işewür toparyň wekilleri — Gyýanlynyň polimer zawodynyň önümi bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara RF, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Irlandiýa, Owganystan, Ukraina, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we beýlekiler degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 80 million 95 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan,Türkiýeden, Şotlandiýadan, Kanadadan gelen işewürler jemi bahasy 14 million 335 müň manatlykdan gowrak bolan dürli görnüşli dokma hem jinsi önümlerini, nah ýüplügi hem matany, şeýle hem garyşyk ýüplügi satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow