Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ýokary ösüş depginine eýe boljakdygyny çaklaýar
Ykdysadyýet
Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ýokary ösüş depginine eýe boljakdygyny çaklaýar
Çap edildi 12.04.2019
1780

Şu ýylyň 26-njy martyndan 9-njy apreline çenli makroykdysady ösüşe we maliýe ýagdaýlaryna baha bermek üçin hem-de Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny, şeýle hem ählumumy ykdysady wehimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hanym Natali Tamirisanyň ýolbaşçylygynda Halkara pul gaznasynyň topary Aşgabatda boldy. Bu iri düzümiň wekilleriniň nobatdaky saparynyň dowamynda döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, işewür toparlaryň, maliýe ulgamynyň we diplomatik bileleşigiň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda myhmanlar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy netijeleri bilen tanyşdyryldy. Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň saparynyň jemleri boýunça metbugat sahypasy çap edildi. Onda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda birnäçe ykdysady we maliýe ugurlaryna çaklama bahalary ýerleşdirildi. Şeýlelikde, bilermenleriň pikirine görä, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,3 göterime barabar bolar. Munuň özi Merkezi Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletleriň hatarynda iň ýokary, dünýä derejesinde bolsa ýokary görkezijileriň biri bolup durýar. Halkara pul gaznasynyň toparynyň ýolbaşçysynyň beýannamasynda ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşi üçin tekliplere esaslanylýar. Olar milli Liderimiz tarapyndan öňde goýlan we Türkmenistanyň döwlet syýasatynda yzygiderli amala aşyrylýan maksatnamalaýyn wezipeler bilen utgaşýar. Bu bolsa bazar özgertmelerini çaltlandyrmakdan, adam mümkinçiliklerini berkitmekden, döwlet edaralaryny hususylaşdyrmakdan, hukuk ulgamyny kämilleşdirmekden, eksport harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan, halk hojalyk toplumyny köpugurly esasda ösdürmekden we maýa goýum işini höweslendirmekden ybaratdyr. Şu we başga-da birnäçe möhüm ugurlar boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamada görkezilen maksatlara ýetmegiň anyk ugurlary hem-de gurallary kesgitlenildi. Hususan-da, onda milli ykdysadyýetimizi, hususy pudagy durnukly ösdürmek üçin ähli serişdeleriň we mümkinçilikleriň has doly derejede herekete girizilmegi, paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegi, biržanyň we gymmatly kagyzlar bazarynyň iş depginini ýokarlandyrmagy esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Milli Liderimiz ykdysadyýeti sanlaşdyrmak, bu pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron we ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly oba hojalygyny özgertmek hem-de döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryna maýa goýum serişdelerini gönükdirmek, medeniýet we sport ulgamlaryna kuwwatly goldaw bermek döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, köpugurly we täzeçil tehnologiýalar esasynda ösdürilýän ykdysadyýet uzak wagtlap durnukly bolar. Hut şonuň üçin hem maýa serişdeleriniň agramly bölegi uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän önümçiligiň ösdürilmegine, elektroenergetika, himiýa senagatynyň kuwwatynyň artdyrylmagyna, ulag-aragatnaşyk ulgamynyň giňeldilmegine gönükdirilýär. Halkara pul gaznasynyň yzygiderli geçirýän barlaglary we çaklamalary döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň giň möçberli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly durmuş-ykdysady ösüşini ynamly dowam edýändigini tassyklaýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düzümleýin we giň möçberi özgertmeleriň netijesinde bazar ykdysadyýetiniň milli guraly emele geldi we ol kämilleşdirilýär. Şeýle hem ol dünýä zähmet bölünişigine, ählumumy söwda we maglumat gatnaşyklaryna işjeň goşulyşýar. Halkara pul gaznasy ykdysady özgertmeleri geçirmekde Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän makroykdysady ähmiýetli özgertmelere tehniki taýdan goldaw berýär. Halkara pul gaznasynyň toparynyň nobatdaky sapary 2019-njy ýylyň oktýabr aýyna meýilleşdirildi.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow