Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 06.04.2019
1735

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýeden, Gazagystandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar. Şweýsariýadan we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýly hem-de «Türkmengaz» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň telekeçileriniň söwdasynyň agramly bölegini Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen düzdi. Mundan başga-da, Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» kysymly karbamidi satyn aldylar. Russiýa, Beýik Britaniýa, Şotlandiýa, BAE, Türkiýe, Gonkong, Belarus, Ermenistan, Owganystan, Özbegistan ýaly döwletleriň täjirlerine daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, portland sement, lukmançylyk maksatly serişdeleri, kreton matany, nah ýüplügi, gaýtadan dikeldilen süýümi, mebel pamygy ýerlenildi. Geleşikler ABŞ-nyň 63 million 789 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Kanadadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler jemi 11 million 312 müň manatlykdan gowrak bolan kreton matany, nah ýüplügi, buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgisini satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow