Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistan — Eýran: dostluk we bahar baýramçylyk konserti
Medeniýet
Türkmenistan — Eýran: dostluk we bahar baýramçylyk konserti
Çap edildi 04.04.2019
2710

Gadymy döwürlerden bäri iki doganlyk halky birleşdirýän Howdan — Bajgyran serhetýaka zolagynda Halkara bahar baýramy — Nowruz güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konserti hem-de amaly-haşam önümleriniň bilelikdäki sergi-ýarmarkasy boldy. Halkara Nowruz gününe bagyşlanan dabara iki goňşy ýurduň hökümetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, meşhur medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklara esaslanýan döwletara ynsanperwer gatnaşyklaryň wajypdygyny nygtaýarlar. Gadymy Nowruz baýramy täze durmuşyň dabaralanýandygyny alamatlandyryp, adamlaryň kalplaryny mähirden doldurýar hem-de halklary dostluk, hoşniýetlilik we doganlyk gatnaşyklary bilen baglanyşdyrýar. Hut şu pikir konsertiň maksatnamasynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Konsertiň her bir çykyşy biziň ýurtlarymyzyň medeni mirasynyň baýlygyny we özboluşlylygyny şöhlelendirdi. Artistleriň çykyşlarynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň nakgaşlyk we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, dokma, zergärçilik we kitap önümleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Dostluk konsertine meşhur estrada aýdymçylary, sazandalar, tans toparlary, folklor-etnografiýa toparlary gatnaşdylar. Çykyşlaryň ählisi milli öwüşgine eýe boldy. Türkmen we eýran halklarynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwerlik däplerini öz içine alan umumy baýramçylyk ýagdaýy muňa özboluşly öwüşgin çaýdy. Biziň ýurtlarymyzy gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhy kökler baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde munuň özi iki doganlyk halkyň birek-birege hormat goýmagyň möhüm esasy bolup hyzmat edýär. Özara Medeniýet günleriniň, sergileriň, maslahatlaryň geçirilmegi ikitaraplaýyn ynsanperwerlik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Şu gezekki baýramçylyk çäresi bu ajaýyp däpleriň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow