Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan – ÝUNFPA: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk
Jemgyýet
Türkmenistan – ÝUNFPA: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 23.07.2015
1643

Aşgabat, 23-nji iýul /TDH/. Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda zenanlar hem-de ýetginjek gyzlar babatda döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň ynsanperwer işleri meselesine bagyşlanan maslahat geçirildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy /ÝUNFPA/ tarapyndan guraldy. Bütindünýä ilat gününe gabatlanan çärä Mejlisiň, ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar. ÝUNFPA-nyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit edarasynyň ýolbaşçysy Nikolaý Botewiň duşuşykda belleýşi ýaly, mili Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan adam hukuklary babatda öz üstüne alan borçnamalaryna takyk eýermek bilen, durmuşyň ähli ugurlarynda erkekler we zenanlar üçin birmeňzeş mümkinçilikler ýörelgesini amala aşyrmak boýunça yzygiderli we netijeli çäreleri görýär, hut şu ýörelge jemgyýeti demokratiýalaşdyrmagyň we ony üstünlikli ösdürmegiň esasy ölçegleriniň hatarynda durýar. Maslahatyň çäklerinde “2015-nji ýylyň Bütindünýä ilat güni: esasy habarlar” atly hasabatyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ol BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan taýýarlanyp, hasabatda ara alnyp maslahatlaşylýan mesele boýunça dünýäniň häzirki meýilleri bilen tanyşdyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylar sebitde gender syýasatyny amala aşyrmakda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde bilelikdäki işleriň, zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçiikleriniň artmagy, olaryň bähbitleriniň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegi bilen baglylykda milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow