Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 24.03.2019
1630

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Germaniýadan we Türkiýeden gelen telekeçiler degişlilikde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we nebit koksuny, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen täjirler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Özbegistan. Geleşikler umumy ABŞ-nyň 15 million 465 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden Türkiýedan, Gazagystandan gelen işewürler jemi 4 million 746 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi 504 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow